Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan akyl zähmetiniň goragyny berkidýär


Aşgabatda geçirilen kitap sergisinde, 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Aşgabatda geçirilen kitap sergisinde, 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary degişli pudaklaryň wekilleri bilen bilelikde ýurduň Raýat kodeksiniň 4-nji, intellektual eýeçilige dahylly bölüminiň täze redaksiýasyny taýýarladylar. Türkmen metbugaty girizilen düzedişleriň akyl eýeçiligi hukuklarynyň goragyny hem döwlet, hem halkara derejesinde kämilleşdrimäge gönükdirilendigini ýazýar.

Mundanam başga, türkmen deputatlary döwletiň “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakyndaky kanunynyň” taslamasyny taýýarladylar.

Ýerli intellektuallar bu ugurdaky kanuny zerurlyklar barada öňräkden bäri aýdyp gelýärdiler. Mysal üçin, hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew 2009-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň intellektual eýeçilik hukuklaryna bagyşlanan ýörite gepleşiginde ýurtda intellektul ogurlygyň adaty zada öwrülendigini aýdypdy.

Baýryýew şonda awtorlardan kanuny esasda rugsat alynmandygyny, hatda döwlet telewideniýesiniň daşary ýurt telekanallaryndan göçürilip alnan filmleri, emblmalarynyň üstüni basyryp, tomaşaçylara hödürländigini ýatlaýar.

Sowet döwrüniň ahyrky ýyllarynda Türkmenistanyň awtorluk hukuklaryny goraýan edarasyna Mergen Jumaýewiç Hümmedow ýolbaşçylyk edipdi. Ol soň Nyýazow tarapyndan işden aýryldy we intellektuallaryň arasynda giňden tanalýan tejribeli hukukçynyň ýerine bu işden baş çykarmaýan adam bellendi. Soňy bilen bu edara düýpden ýapylyp taşlandy.

Türkmen edebiýatçylary Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň belli goşgy setirlerine girizilen düzedişleri intellektual eýeçiligiň äsgerilmezliginiň iň gözçykgynç mysaly hasaplaýarlar. Galyberse, bu döwürde türkmen intellektuallarynyň bir topary gara sanawa salnyp, akyl zähmetinden gazanç etmek hukugyndan mahrum boldy.

Aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda awtor hukuklarynyň tas goragsyz diýen ýaly galandygyny, bu mesele boýunça ýokarky edaralara birnäçe gezek ýüz tutandyklaryny, emma arzlaryny eşitdirip bilmändiklerini gürrüň beripdi.

“Pikir azatlygy”

Ýerli intellektuallar prezident Berdimuhamedowyň döwlet başyna geçen ilkinji ýyllaryndan žurnalistleriň Nyýazow döwründe ýatyrylan ýa azaldylan galam haklaryny dikeltmek barada gürrüň gozgamagyny, bu ugurda käbir işleriň edilmegini gowulygyň alamaty hasaplaýarlar. Türkmen metbugaty, ähli meselde bolşy ýaly, intellektual eýeçilik, awtorluk hukuklary baradaky kanunçylygyň kämilleşdirilmegini hem Berdimuhamedowyň ady bilen baglaýar, ýagny onuň geçen ýylyň ýanwarynda deputatlaryň öňünde şeýle wezipe goýandygyny ýatlaýar.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Berdi Akbendi Türkmenistanda akyl zähmetiniň goragynyň berkidilýändigini eşidip, örän begenendigini, sebäbi munuň jemgyýetiň okgunly öňe gitmegine itergi berjek kanunlaryň biridigini aýtdy. Onuň pikirine görä, intellektual eýeçiligiň kanun esasynda berk goralmagy islendik ýurduň abadançylygynyň esasyny goýýar. Şeýle-de ol öz ýaşaýan ýurdy Şwesiýada bu meselede nusga alara zadyň kändigini, döredijilik adamlarynyň, ylym wekilleriniň hukuklarynyň ýüz prosent goralýandygyny aýdýar.

Şeýle-de Akbendi Şwesiýada islendik eser barada pikir aýtmagyň bolýandygyny, ýöne awtoryň hukugyny basgylamaga asla ýol berilmeýändigini gürrüň berdi.

Türkmen telewideniýesi Mejlisde akyl zähmetiniň goragy barada çykyş edenleriň sözlerine salgylanyp, bu kanun taslamasynyň awtorlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň netijeli serişdesi boljagyny aýdýar. Emma ýerli synçylaryň köpüsi ýurtda başgaça pikirlenýän adamlaryň ýanalýan we gara sanawa salynýan wagtynda diňe gowy kanunlaryň kabul edilmeginiň ýeterlik bolmajagyny aýdýarlar.

Akbendi intellektual eýeçilik kanunynyň netijeli bolmagy üçin “pikir, galam (söz) we ynam azatlygynyň” hem bolmalydygyny nygtaýar. Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyrynyň ynanjyna görä, “dar syýasy sebäpler esasynda kanunda kepillendirilen azatlyklara ýol berilmezligi jemgyýeti ösüşden saklaýan zatlaryň biri bolup biler”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG