Sepleriň elýeterliligi

Omar Haýýam – beýik akyldar


Nişapur şäherinde Omar Haýýamyň heýkeli

Nişapur şäherinde Omar Haýýamyň heýkeli

Omar Haýýamyň pähim-paýhasy, eden ylmy açyşlary, döreden çeper rubagylary şu günki gün hem akylyňy haýrana goýýar. Onuň dünýägaraýşyny kesgitlemekde filosofiýa degişli traktatlary hem rubagylary esasy çeşmedir. Ýöne Omar Haýýamyň adyna aşa köp rubagylar berlipdir welin, bu günki gün akyldaryň adyna berlen rubagylaryň sany bäş müňdenem geçýär eken.

Gündogary öwreniji akademik Ý. E. Bertels ýaly rus alymlarynyň tassyklamagyna görä, eýýam akyldaryň özi diri döwründen başlap, Omar Haýýamyň yzyna eýerijiler Haýýamyň edebiýat mekdebini döredip, olar goşgularynyň köpüsini Omar Haýýamyň ady bilen beripdirler. Meniň pikirimçe, awtorlaryň ýazan goşgularyny Omar Haýýamyň adyna bermekleriniň iki sebäbi bolmaly. Birinjiden, awtorlar döwrüň adalatsyzlyklaryny paş edýän goşgulary öz atlary bilen berseler, olaryň ýanalmak, günälenmek howpy bolandyr. Ikinjiden, Omar Haýýamyň abraýy uly bolansoň, onuň adyna berip, öz rubagylarynyň halk arasynda has tiz ýaýramagyny gazanandyrlar. Şeýlelikde dürli adamlar tarapyndan düzülen, köp halatlarda biri-birine gapma-garşy gelýän rubagylaryň uly bir toplumy Omar Haýýamyň ady bilen ýaýrapdyr.

Omar Haýýamyň döredijiligini öwrenen alymlaryň käbiri şahyryň adyna berlen rubagylaryň gapma-garşylygyndan baş çykaryp bilmän, alym hem şahyr Omar Haýýamyň hersi aýratyn şahs diýip, ýalňyş netijä gelipdirler. Emma hakykata gol ýapýan alymlar şahyr hem alym Omar Haýýamyň bir şahsdygyny ylmy esasda subut etdiler. Eýran alymy Seýf Nefisi Omar Haýýamyň rubagylarynyň sanyny 52, daniýaly alym A. Kristensen 121 diýse, iňlis alymy Artur Alberri olaryň sany 424 diýip görkezýär. Meniň garaýşymça, Omar Haýýamyň rubagylarynyň anyk sanyny aýtmak gaty kyn mesele, munuň üçin akyldaryň adyna berlen rubagylary bir ýere jemläp, ýörite ylmy derňewleri geçirmeli.

Omar Haýýamyň “Arifmetikanyň meseleleri”, “Algebranyň hem almukallybyň çylşyrymly meselelerini çözmek” ýaly matematika degişli işlerinde kub, kwadrat deňlemeler hem matematikanyň beýleki birnäçe çylşyrymly meseleleri boýunça öz döwri üçin uly ylmy açyşlary edýär. Akyldar “Algebra san hem ölçeg taýdan näbellilikleri tapyp, takyk hasaby ýola goýmakdyr” diýip, algebra kesgitleme beripdir.

Omar Haýýam astronomiýa ylmynyň ösmegine uly goşant edipdir. Ol Seljuk patyşasy Mäligiň görkezmesi boýunça “Mäligiň ýyl hasaby“ diýen at bilen bäş ýylyň dowamynda (1074-79 ý.) kalendar reformasyny geçiripdir. Seljuklaryň patyşalygynda 1074-nji ýylyň 15-nji martyndan başlap, Omar Haýýamyň düzen takyk Gün hasabyna esaslanýan milady ýyl hasaby ýöredilip ugrapdyr. Akyldaryň düzen kalendarynda ýylyň ortaça dowamlylygy 365,2424 gije-gündize deň bolup, bu hasabyň Gün ýylyndan gyşarmasy 0,000002 gije-gündize barabar bolup, bäş müň ýyldan bir gün ýalňyşlyk gidýär eken.

Omar haýýam Aý hasabyna esaslanýan bir ýyly 354 gije-gündiz 8 sagat 48 minut 36 sekunda barabar, bir aýy bolsa 29 gije-gündiz 12 sagat 44 minut 4 sekunda barabar diýip, takyk hasap çykarypdyr. Ol Aý – Hijri-Kamary hasabyny ýönekeýleşdirmek üçin her ýylyň aýratyn kofisentini çykarypdyr.

Onuň “Nowruznama“ eseri ylym üçinem örän gymmatly çeşmedir. Akyldar bu eserinde dili peltek çagalara altyn ýa kümüş gaplarda nahar berilse, peýdasynyň köpdügini ýazypdyr. Omar Haýýam “Nowruznama“ eserinde ynsanyň saglygyny berkitmek, keselden saplamagyň usullary hakynda anyk mysallar bilen maslahatlary beripdir.

Omar Haýýam astronomiýany ylym hökmünde ykrar etse-de, ol ýyldyzlaryň adam ykbalyna edýän täsirini bütinleý inkär edipdir:

Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary,
Haýrana galdyrýar akly düzleri,
Täleýiňi ýyldyzlardan gözleme,
Çünki sergezdandyr olaň özleri.


Omar Haýýam öljek wagtyny kyrk gün öňünden welilik bilen kesgitläpdir. Baýlygyny dogan-garyndaşlaryna, ýetim-ýesire paýlapdyr. Ol ölmeziniň iki gün öň ýany köpçülik bilen metjitde juma namazyny okap, adamlar bilen razylaşypdyr. Omar Haýýam öýüne gelip, hiç kimiň özüne päsgel bermezligini haýyş edipdir. Ol iki günläp ýeke özi Alla mynajat edipdir. Soňra özünden gidip ýykylypdyr. Dogan-garyndaşlary, tanyşlary derrew onuň öýüne ýygnanypdyrlar. Ol birsalymdan gözüni açyp, özüni dikeltmeklerini sorapdyr. Omar Haýýam tekge bilen oturdylandan, elini asmana tutup, töwir edýän şekilde: “Allam, paýhasyma görä, hakykata gulluk etdim. Öte geçen bolsam bagyşla, gazabyňa duçar etme!” diýip, ýuwaşja pyşyrdap, Ýaradandan dileg edip, bir gapdala gyşaryp gözüni ýumup, uzak wagt geçmänkä, amanadyny tabşyrypdyr.

Omar Haýýam, öz aýdyşy ýaly, 1131-nji ýylyň 4-nji dekabrynda segsen üç ýaşynyň içinde ýogalyp, dogduk mekany Nişapur şäheriniň Hyra öwülýäsinde jaýlanypdyr.

Omar Haýýam pähim-paýhasy ýazan ylmy traktatlary, rubagylary bilen Gündogaryň beýik akyldary diýen derejä mynasyp bolan şahsdyr.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG