Sepleriň elýeterliligi

“Syýasy partiýalar baradaky” kanundan nämä garaşylýar?


“Tegelek stol” gepleşiginiň bu gezekki sanynda türkmen parlamenti tarapyndan kabul edilen “Syýasy partiýalar baradaky” täze kanun, onuň türkmen jemgyýetiniň syýasy durmuşynda oýnap biljek roly, ýetirmegi mümkin täsirleri barada gürrüň edilýär.

Gepleşigi Pragadaky studiýadan Nazar Hudaýberdi alyp barýar.

Gepleşigi Pragadaky studiýadan Nazar Hudaýberdi alyp barýar.

Söhbetdeşlige Aşgabatdan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Kabuldan owgan parlamentiniň deputaty Allanazar Nazary, Awstriýa Respublikasyndan oppozision Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow gatnaşýar. Gepleşigi Pragadaky studiýadan Nazar Hudaýberdi alyp barýar.

Türkmen metbugatynyň habar berşi ýaly, 10-njy ýanwarda türkmen parlamenti ençeme kanun proýektlerine seretdi we olary kabul etdi. Şolaryň arasynda iki ýyl töweregi wagt bäri ýokary derejede gürrüňi edilip gelnen we garaşylan kanunlaryň biri – Türkmenistanyň “Syýasy partiýalar hakyndaky kanuny” hem bar.

Kanun 1996-njy ýylda Türkmenistanyň goşulan graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýasyna we graždanlaryň syýasy partiýalar döretmegini göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Baş kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda işlenip düzüldi diýip, TDH gullugy teswirlemesinde ýazdy.

Berdimuhammedow 11-nji ýanwarda türkmen parlamentiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda-da: “Soňky ýyllar jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşyrmak maksady bilen uly işler edildi. Muňa mysal hökmünde düýn kabul edilen “Syýasy partiýalar baradaky kanuny” görkezmek bolar” diýdi.

Şu günki güne çenli Türkmenistanda syýasy partiýalary döretmeklige we olary hasaba almaklyga degişli hiç hili ýörite kanun kabul edilmändi.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG