Sepleriň elýeterliligi

Özbek oppozisiýa lideri türkmen saýlawlary barada


“Birleşen Özbek demokratik koalisiýasy” atly oppozisiýa bileleşiginiň lideri Muhammet Salih

“Birleşen Özbek demokratik koalisiýasy” atly oppozisiýa bileleşiginiň lideri Muhammet Salih

Şu ýylyň 12 nji fewralynda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlarda 8 sany dalaşgär bäsleşýär. Olar häzir ýurduň dürli welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşýarlar we öz maksatnamalary barada gürrüň berýärler.

Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary baradaky pikirini bilmek üçin, Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere daşary ýurtda döredilen “Birleşen Özbek demokratik koalisiýasy” atly oppozisiýa bileleşiginiň lideri Muhammet Salih bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Muhammet Salih, Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşjek 8 dalaşgär resmi taýdan hasaba alyndy. Bu saýlaw we dalaşgärler barada siz nähili pikirde?

Muhammet Salih: Olar [häkimiýetler] eger erkin saýlawlara ýol berseler, häkimiýetden gitjekdiklerini bilýärler. Çünki halk olaryň kimdigini bilýär. Olar özleri üçin ilatyň aglabasynyň ses bermejekdigini hem bilýär. Şonuň üçin-de olar saýlawlara nätanyş dalaşgäriň gatnaşmagyna garşy bolýarlar. Netijede olar özlerine ýakyn adamlary dalaşgär edýärler we ýurdy dolandyrýan prezident ýeňiji bolan bolýar. Aslynda bular öňünden ylalaşylan zatlar. Biziň regiondaky liderler geçen 20 ýylda galp saýlawlar ýa-da referendumlar geçirip, özleriniň prezidentlik möhletini uzaltdylar.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, prezidentler Berdimuhamedow ýa-da Karimow prezident saýlawlaryna köp dalaşgäriň gatnaşmygyna ýol bermek bilen Günbatara we halkara guramalaryna gowy görünmek isleýärler. Siz nähili pikirde?

Muhammet Salih: Günbatar bu zatlara ynanmaýar we olaryň “oýun oýnaýandyklaryny” bilýär. Ýöne bu liderler Günbatara “Serediň, bizdäki saýlawlarda başga dalaşgärler hem bäsleşýärler. Olar ähli mümkinçilikden peýdalanyp bilýärler. Görşüňiz ýaly, halk olara ýeterlik ses bermeýär” diýýärler. Emma olar saýlawlary galplaşdyrýarlar we oppozisiýa üçin berlen sesleri ýok edýärler. Meselem, men Karimowa bäsdeş bolanymda, biz halta-halta galp býulletenleri tapdyk we olary Amerikadan, Fransiýadan gelen synçylara görkezdik. Ýöne olar Özbegistanyň “içki işlerine goşulmakçy däl” diýen pozisiýany eýelediler. Emma häkimiýetler saýlawlary galplaşdyrdylar. Merkezi Aziýa döwletlerinde şeýle oýun häzirem dowam edýär.

Men prezident Berdimuhamedowyň erkin saýlawlar geçirjekdigine ynanmaýaryn. Goý, ol özüne 10 bäsdeş taýýarlasyn. Barybir men onuň demokratik saýlawlar boljakdygyna ynanmaýaryn. Entek daşary ýurtlardaky Nurmuhammet Hanamow ýaly oppozisiýa liderleri bu saýlawlara gatnaşýança, men ýurtdaky saýlawlaryň erkin boljakdygyna ynanmaýaryn. Şol sanda Günbataram bu saýlawlaryň demokratik boljakdygyna ynanmaýar. Emma Günbataryň Türkmenistanda syýasy we ykdysady bähbitleriniň bolmagy mümkin. Şonuň üçin-de, Günbataryň özüni Berdimuhamedowyň “oýnuna” ynanýan ýaly edip görkezmegi bolup biljek zat. Emma Günbataryň bu “ikiýüzliligi” bize hiç bir peýda getirmez. Günbataryň “Saýlawlary adalatly geçiriň. Ýogsa-da, bizi aldamaň” diýip, açyk aýtmagy gerek.

Azatlyk Radiosy: Günbatar Orsýetde geçirilýän saýlawlary açyk tankytlaýar. Ýöne ol näme üçin Türkmenistandaky ýa-da Özbegistandaky köp galplyklaryň bolandygy aýdylýan saýlawlary tankytlamaýar?

Muhammet Salih: Hut şu hem meseläniň gyzykly ýeri. Günbatar Orsýeti açyk tankytlaýar. Emma Özbegistandaky ýa-da Türkmenistandaky ýagdaý ony kanagatlandyrýar. Ol Türkmenistan we Özbegistan näme etse etsin diýýär. Emma Günbatar Orsýetiň öňünde berk talaplary goýýar. Günbataryň “Türkmenistanyň we Özbegistanyň nebit-gaz baýlyklary bar. Bu ýurtlarda biziň geosyýasy bähbitlerimiz bar. Olaryň liderleri diktator we olar öz “oýunlaryny” oýnabersinler. Biz olara “göz ýummaly” diýen syýasaty ýöredýän bolmagy mümkin. Arap dünýäsindäki wakalar biziň ýurtlarda hem bolmasa, hiç zat üýtgemez. Bize ne Günbatar, ne Orsýet, ne-de Hytaý kömek eder.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG