Sepleriň elýeterliligi

Mýanmar birnäçe syýasy tussagy azatlyga çykardy


Şu gün Mýanmar birnäçe syýasy tussagyň günasini geçip, amnistiýa yglan etdi.

2004-nji ýylda öý tussaglygyna höküm edilen ýurduň ozalky premýerministri hem azatlyga goýberildi.

Döwlet telekanalynyň maglumatyna görä, jemi 651 tussag prezidentiň täze günä geçişlik baradaky permany boýunça azat edildi. Ýöne ýurtda jemi näçe sany syýasy tussagyň bardygy aýdylmaýar.

Oppozisiýa partiýasynyň demokrat lideri Auň San Su Kýi bu günä geçişlige «pozitiw alamat» hökmünde baha berdi. Ol amnistiýa meselesiniň täze graždan hökümetiniň amala aşyryp biljek iň möhüm hereketi bolmagyna umyt baglady.

Syýasy tussaglary boşatmak meselesi Günbatar döwletleriniň Mýanmardan uzak wagtlap edip gelýän esasy talaby bolup durýar. Mundan ozal bu mesele sebäpli Mýanmara garşy sanksiýalar hem girizilipdi.
XS
SM
MD
LG