Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon premýeri eýran nebiti boýunça pikirlenmeli diýýär


Ýaponiýanyň premýer-ministri Tokionyň Eýrandan satyn alýan nebitiniň möçberini azaltmak meselesiniň häzirlikçe belli däldigini aýtdy.

Ýoşihiko Nodanyň aýtmagyna görä, Ýaponiýanyň maliýe ministri Jun Azuminiň Waşingtonyň sanksiýalaryna goşulmak barada penşenbe güni aýdanlary onuň öz şahsy pikiri bolup durýar.

Azumi Tokionyň Eýrana garaşlylygyny azatlmaklyga gönükdirilen plany işläp düzmekligi göz öňünde tutýandygyny aýdypdy.

Şol bir wagtyň özünde, Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilow Eýrana garşy täze sanksiýalar Eýran yslam respublikasynyň režimini üýtgetmeklige gönükdirilen hökmünde kabul ediler diýdi.

Gatilowyň bu çykyşy Eýranyň nebit embargosy meselesi boýunça Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň ylalaşyga ýakynlaşmagy bilen edildi.
XS
SM
MD
LG