Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Assady Siriýada “asudalygyň faktory” hasaplaýar


Şu gün Orsýet prezident Başar al-Assadyň hökümetine Siriýada “asudalygyň faktory” hökmünde baha berdi we ýurduň içerki krizisini parahat ýol bilen çözmek mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilow Moskwada eden çykyşynda Siriýanyň režimine bolan Günbataryň gatnaşygynyň Orsýetiňkiden düýpli tapawutlanýandygyny aýtdy. “Günbatar döwletleriniň yzarlaýan maksady Assadyň režimini Damaskdan agdarmak bolup durýar” diýip, Gatilow belledi.

Gatilow bu çykyşyny Siriýa meselesi boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Moskwanyň ýollan rezolýusiýasyna Günbatar döwletleriniň girizen üýtgetmeleri esasynda etdi.

Orsýet Siriýada ýüz beren bidüzgünçiliklere Assadyň opponentleriniň hem deň derejede jogap bermekleriniň tarapdary we Damaska ýarag ibermegini bes etmek islemeýär.
XS
SM
MD
LG