Sepleriň elýeterliligi

Hameneýi alymyň ölüminde MAG-y we Mossady aýyplaýar


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi şu hepde Tähranda atom alymy Mostafa Ahmadi Roşanyň janyna kast edişligi gurnanlykda ABŞ-ny we Ysraýyly aýyplady.

Bu çykyş urany baýlaşdyrýan Natanz desgasynyň direktorynyň orunbasary Roşanyň çarşenbe güni öldürilmeginden bäri Eýranyň režiminiň ABŞ-nyň we Ysraýylyň aňtaw gulluklarynyň garşysyna bildiren iň uly aýyplamasy boldy.

Roşanyň maşgalasyna bildiren gynanç hatynda Hameneýi “beýleki jenaýatlarda bolşy ýaly, bu ölüm Merkezi aňtaw gullugynyň we Mossadyň planlaşdyrmagy we goldawy bilen amala aşyryldy” diýip aýtdy. Bu hat Hameneýiniň websaýtynda ýerleşdirilipdir.

ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Tehasyň Fort Bliss bazasynda harbylaryň öňünde eden çykyşynda alymyň ölümine ABŞ-nyň dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

“Biz ol ýerde ýüz beren ölüme hiç hili dahylly däl. Onuň aňyrsynda kimiň durandygyndan meniň habarym ýok. Bizde bu barada çaklama bar, ýöne biz kimiň durandygyny anyk bilemzok. Ýöne men bir zady berk bilýän – ABŞ bular ýaly zada goşulmaýar. Bu Birleşen Ştatlaryň etjek zady däl” diýip, Panetta nygtady.
XS
SM
MD
LG