Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen raýatyna deportasiýa howpy abanýar


Germaniýada bosgunlyk statusyny almaga synanyşýan Türkmenistanyň raýaty Anatoliý Burba Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy abanýar.

Germaniýada bosgunlyk statusyny almaga synanyşýan Türkmenistanyň raýaty Anatoliý Burba Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy abanýar.

2004-nji ýyldan bäri Germaniýada bosgunlyk statusyny almaga synanyşýan Türkmenistanyň raýaty Anatoliý Burba Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy abanýar. Aşgabatda doglan Anatoliý Burba Türkmenistana iberilen ýagdaýynda özüniň tussag edilmeginden howatyrlanýar.


2004-nji ýyldan bäri Germaniýada bosgunlyk statusyny almaga synanyşýan türkmenistanly Anatoliý Burba german häkimiýetleriniň özüni bosgun hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürýänligini aýdýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Anatoliý Burbanyň sözlerine görä, Germaniýanyň häkimiýetleri tarapyndan berlen ilkinji resmi jogapda oňa Türkmenistanda howp abanmaýar diýen netijä gelnenligi habar berilýär.

Anatoliý Burba barada maglumat ýaýradan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Germaniýanyň häkimiýetleri Burba bosgunlyk statusyny bermekden birnäçe ýyl bäri ýüz öwrüp gelýärler: “Ol ilkinji sapar bize iki ýyl çemesi mundan ozal ýüzlendi. Biz şonda oňa konsultatiw yardamyny berdik. Burbanyň deporatasiýa edilmek howpunyň ýene-de ýüze çykmagy bilen baglylykda häzir biz ony goldamak boýunça nobatdaky kampaniýamyza başladyk”.

2004-nji ýylda Germaniýa baryp, gaçybatalga soran Anatoliý Burba 1969-njy ýylda Aşgabatda doglan. Onuň öz sözlerine görä, 1997-nji ýylyň tomsunda ol Türkmenistanda tussag edilip, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. 1998-nji ýylyň aýagynda günä geçiş boýunça boşadylypdyr. Burba şol tussaglygyna öz tanyşlarynyň arasynda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň syýastyndan närazylygyny açyk bildirmeginiň sebäp bolanlygyny aýdýar.

Şuňa meňzeş wakalar

Ynsan hukuklaryny goraýjylar daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ýurduna deporatasiýa edilmegi bilen bagly wakalaryň soňky ýyllarda ýüzlerçesiniň bolanlygyny aýdýarlar. Emma köp halatlarda agyr güne düşen adamlar halkara guramalaryna ýüzlenmänsoňlar, şeýle wakalaryň köpçülige mälim bolman galýanlygyny belleýärler.

Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, şeýle wakalar köplenç Türkiýede we Türkmenistan bilen goňşy ýurtlarda bolýar: “Türkmen raýatlarynyň Türkiýeden deportasiýa edilmegi bilen bagly wakalar bolupdy. Şeýle-de geçen ýylda Azerbaýjandan 300-e golaý adam Türkmenistana deportasiýa edilipdi. Gazagystandan deportasiýalar boldy. Orsýetde hem deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlar bar, emma olaryň işi wagtynda çözüldi”.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ýurduna deportasiýa edilmegi, olaryň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan orän töwekgelçilikli diýip hasap edýärler.

Tuhbatulliniň pikiriçe, kynçylyga uçran adamlar barada giňden maglumat berilmegi olaryň geljekki ykbalyna oňly täsir ýetirýär. Sebäbi şeýle adamlar babatynda türkmen häkimiýetleri adatça berk basyş etmekden saklanýarlar we jerime salmak we işe almazlyk ýaly adaministratiw çäreler bilen çäklenýärler. Emma, Tuhbatulliniň sözlerine görä, adamlaryň türma düşmegi bilen bagly wakalar hem bar.

Tussag edilmek howpy

Anatoliý Burba özüniň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda türme tussaglygyna höküm ediljegini çak edýär. Ol 2010-njy ýylyň iýun aýynda “Nemes Tolkuny” radiostansiýasyna interwýu berenligini we şol interwýunyň yz ýany Aşabatda ýaşaýan ejesiniň öýüne näbelli adamlaryň baryp, sorag edip başlanlygyny gürrüň berdi: “Maňa Aşgabatdaky öýümden SMS gowuşdy. Maňa polisiýa işgärleriniň öýümize baryp, meniň bilen gyzyklanandyklaryny, öýde ýaşaýanlaryň dokumentlerini barlandyklaryny we men geläýsem, derrew polisiýa habar ýetirmegi talap edendiklerini gürrüň berdiler”.

Germaniýanyň häkimiýetleriniň Anatoliý Burba beren ilkinji jogabyna görä, german resmileri onuň günbatar habar çeşmesine beren interwýusy howpsuzlygyna täsir ýetirmeýär diýip, hasap edýärler. Germaniýanyň häkimiýetleriniň Burbanyň işi boýunça şübhe bildirýän ýene bir meselesi onuň türmede oturyp çykanlygy baradaky resminamasynyň hakykylygyna degişli.

Häzirki wagtda Anatoliý Burba dokumentiniň hakykydygyny tassyklatmaga çalyşýar. Bu prosedura, adatça, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça baş komissarlyk edarasy arkaly amala aşyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG