Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda parlament täzelenýär


"Islendik ýagdaýda-da, prezident Nazarbaýewiň “Nur otan” partiýasy parlamentde ýene-de aglaba orunlara eýe bolar diýlip garaşylýar".

"Islendik ýagdaýda-da, prezident Nazarbaýewiň “Nur otan” partiýasy parlamentde ýene-de aglaba orunlara eýe bolar diýlip garaşylýar".

15-nji ýanwarda Gazagystanda möhletinden öň parlament saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlaryň netijesinde parlamentdäki birpartiýalylyk sistemasynyň özgermegi mümkin diýlip garaşylýar.


Şu wagta çenli Gazagystanyň parlamenti ýurduň dolandyryjy “Nur otan” partiýasynyň wekillerinden ybarat bolup gelipdi.

Gazagystanyň kanunyna görä, parlamentden orun almak üçin islendik partiýa saýlawçylaryň azyndan 7 prosent sesini almaly. Ýöne saýlawlar baradaky täze düzgüne görä, “Nur otan” partiýasyndan beýleki partiýalar 7 prosentden az ses alaýanlarynda-da, azyndan ýene bir partiýanyň parlamentden orun almagyna mümkinçilik berilýär.

Parlamentiň aşaky öýündäki 107 orna bu gezekki saýlawlarda “Nur otan” partiýasyndan daşary ýene alty partiýa dalaş edýär. Ýöne olaryň arasynda diňe oppozision Sosial Demokratik partiýa prezident N.Nazarbaýewi goldamaýan partiýa hasaplanylýar.

Emma, islendik ýagdaýda-da, prezident Nazarbaýewiň “Nur otan” partiýasy parlamentde ýene-de aglaba orunlara eýe bolar diýlip garaşylýar.

Dekabr aýynda ganly protest çykyşlarynyň bolan Žanaozen şäherinde bu saýlawlar örän berk gözegçilik we howpsuzlyk çäreleri astynda geçirilýär. Žanaozen şäheriniň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şäheriň ähli ýerinde ýaragly howpsuzlyk güýçleriniň gözegçilik alyp barýandyklaryny, ýerli saýlaw punktlarynyň-da ýaragly adamlar tarapyndan berk goralýandygyny aýtdy.

Adalatly boljagyna ynam az

Geçen ýylyň noýabr aýynda “Nur otan” partiýasynyň deputatlarynyň bir topary ýurduň parlamentini köppartiýaly parlamente öwürmek teklibi bilen ýurduň prezidentine ýüz tutupdylar. Şol çäräniň yzy bilenem, prezident Nazarbaýew parlamentiň ozalky düzümini dargytmak barada perman çykarypdy.

Wideo fakt: Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň habarçysy 15-nji ýanwardaky saýlawlarda Almaty oblastynyň Žana-Turmys posýologyndaky 374-nji saýlaw uçastogynda ses bermekdäki käbir düzgün bozmalary wideo ýazga alypdyr. (Wideo ýazgy gazak dilinde)

Köp synçylar “Nur otan” partiýasynyň bu ädimine Gazagystanyň bir partiýa tarapyndan dolandyrylýandygy barada ýurduň içinde we daşynda dowam edip gelýän tankytlary gowşatmak maksady bilen ädilen ädim hökmünde baha berýärler.

Ýöne, şeýle-de bolsa, parlamentdäki orunlara dalaş edýän ýedi partiýadan (“Nur otan”, “Ak žol”, “Auyl”, “Adilet”, Sosial Demokratik partiýa, Watançylar partiýasy we Milli Kommunistik partiýa) diňe biri, ýagny, Sosial Demokratik partiýa häzirki dolandyryjy häkimiýetlere garşy durýan hakyky oppozision partiýa hasaplanylýar.

Bu saýlawlaryň öňýany Gazagystanyň häkimiýetleri oppozision “Alga” partiýasyny resmi hasaba almakdan ýüz öwürdiler. Daşky sreda boýunça iş alyp barýan “Rukhaniýat” partiýasy bolsa, saýlawlaryň düzgünini bozanlykda aýyplanylyp, onuň registrasiýasy yzyna alyndy.

Saýlawlardan bary-ýogy bäş gün ozal oppozision Sosial Demokratik partiýanyň lideri Bulat Abilow we bu partiýanyň agzasy žurnalist Güljan Ýergaliýewa öz maliýe ýagdaýlary barada galp maglumat berenlikde aýyplanyp, partiýanyň saýlaw sanawyndan öçürildiler.

Şu çaka çenli azat saýlawlary bilen tanalmadyk Gazagystanda habar serişdeleriniň işiniň dolandyryjy partiýa tarapyndan berk kontrollyk astynda saklanýan häzirki şertlerinde bu gezekki saýlawlaryňam adalatly gejekdigine ynamyň azdygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG