Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Baş sekretary Siriýanyň prezidentine çagyryş etdi


Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Siriýanyň prezidentini ýurtdaky gandöküşligi haýdan-haý bes etmäge çagyrdy.

Liwanyň paýtagty Beýrutda arap ýurtlaryndaky demokratik proseslere bagyşlanyp açylan konferensiýada eden bu çykyşynda Pan Gi Mun Ýakyn Gündogar regionynda bir maşgalanyň häkimiýeti dolandyrmagy ýaly “köne düzgüniň” indi öz möwritini geçirendigini nygtady.

Bu wakanyň öňýany, şu geçen hepde Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad özüne garşy göreşýän harby esgerleriň, bikanun ýarag göterýän protestçileriň we parahat protestçileriň şu aýyň ahyryna çenli öz “günälerini boýun alyp”, ötünç soran halatynda, olaryň günäsiniň geçiljekdigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG