Sepleriň elýeterliligi

Hytaý ABŞ-nyň girizen sanksiýasyna nägilelik bildirýär


Şu gün Hytaýyň hökümeti bu ýurduň Eýran bilen söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýan döwlet ýangyç kompaniýasyna garşy Birleşen Ştatlaryň girizen sanksiýasyna protest bildirdi.

Şu geçen hepdäniň penşenbe güni Waşington Hytaýyň «Juhaý Jenrong» atly ýangyç kompaniýasynyň Birleşen Ştatlarda biznes işlerini alyp barmagyna garşy sanksiýa girizdi. Hytaýyň bu döwlet kompaniýasy Eýrana benzin satýan möhüm kompaniýalardan biri hasaplanylýar.

Mundan birneme öň Hytaýyň häkimiýetleri Hytaý bilen Eýranyň alyp barýan söwda gatnaşyklaryna Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleleriň nähilidir bir täsir etmegine özleriniň garşydyklaryny mälim edipdiler.
XS
SM
MD
LG