Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan möhletinden öň parlament saýlawlaryny geçirýär


Şu gün Gazagystanda möhletinden öň parlament saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlaryň netijesinde parlamentdäki birpartiýalylyk sistemasynyň özgermegi mümkin diýlip garaşylýar.

Şu wagta çenli Gazagystanyň parlamenti ýurduň dolandyryjy “Nur otan” partiýasynyň wekillerinden ybarat bolup gelipdi.

Saýlawlar baradaky täze düzgüne görä, “Nur otan” partiýasyndan beýleki partiýalar talap edilýän 7 prosent sesden az ses alanlarynda-da, azyndan ýene bir partiýanyň parlamentden orun almagyna mümkinçilik berilýär.

Parlamentiň aşaky öýündäki 107 orna bu günki saýlawlarda “Nur otan” partiýasyndan daşary ýene alty partiýa dalaş edýär. Ýöne olaryň arasynda diňe oppozision Sosial Demokratik partiýa prezident Nursoltan Nazarbaýewi goldamaýan partiýa hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG