Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň kosmos gämisi duşenbä geçilen gije ýere gaçar


Orsýetiň resmileri iki aý mundan ozal Mars planetasyna tarap Orsýetiň kosmos agentligi tarapyndan uçurylan kosmos gämisiniň şu gije ýere gaçjakdygyny mälim etdiler.

Bu kosmos gämisi iki aý mundan ozal 2.5 ýyllyk möhlet bilen Mars planetasyna tarap uçurylypdy. Ýöne uçuş wagty gämide ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli, ol Ýeriň orbitasyny terk edip bilmändi.

Orsýetiň “Roskosmos” agentliginiň spesialistleri agramy 13.5 tonna bolan bu kosmos gämisiniň şu gün Ýewropa wagty bilen ýarygije töweregi ýere gaçjakdygyny aýdýarlar.

Olaryň aýtmagyna görä, kosmos gämisiniň aglaba bölegi ýokary tizlikdäki gyzgynlykda atmosferada ýanyp, küle öwrüler, galan az-owlak bölegi bolsa okeana gaçar.
XS
SM
MD
LG