Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňze agdarylan laýnerde ýiten 40 adam henizem gözlenilýär


Italiýanyň kenar ýakasynda şenbe güni suwa agdarylan uly deňiz laýnerinde dereksiz ýiten 40 töweregi adamy gözlemek işleri henizem dowam edýär.

Anna güni giçlik Italiýanyň deňiz ýakasynda uzynlygy 290 metrlik turistik laýneriň kenara golaý ýerde suwdaky daşy süsüp, onuň suwa gyşaryp başlamagy bilen, deňiz laýneriniň üstündäki 4 müň töweregi adam gyssagly ewakuasiýa edilipdi. Birneme soňra bu gämi suwa agdaryldy.

Edil häzirki wagt bu wakada azyndan üç adamyň ölendigi barada maglumat alyndy. Ýene 40 töweregi adamdan häzirlikçe habar-hatyryň ýokdugy aýdylýar.

Gäminiň kapitany kenara juda golaý gelip, adamlaryň ölümine sebäp bolanlykda we ýolagçylary goldawsyz ýagdaýda gämide galdyranlykda aýyplanyp, tussag astyna alyndy.
XS
SM
MD
LG