Sepleriň elýeterliligi

Eýran atomçy alymyň öldürilmeginde ABŞ-ny aýyplaýar


Şenbe güni Eýranyň döwlet telewideniýesi eýranly atomçy alymyň öldürilmeginde Birleşen Ştatlaryň eliniň bardygyny görkezýän faktlaryň anyklanandygyny öňe sürdi.

Eýranly atomçy alym, 32 ýaşly Mostafa Ahmadi Roşan şu geçen hepdäniň çarşenbe güni Tähranda öz münüp barýan ulagyna näbelli adamlaryň berkiden minasynyň partlamagy netijesinde ölüpdi. Munuň özi soňky iki ýylyň dowamynda eýranly bäşinji alymyň janyna kast edilmesidir.

Maglumata görä, şenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligi Amerika bilen baglanyşykly işlere-de wekilçilik edýän Şweýsariýanyň ilçihanasyna ýörite hat gowşuryp, bu bolan soňky hüjümiň ABŞ-nyň Merkezi razwedka agentligi tarapyndan gurnalandygyny görkezýän faktlaryň ele salnandygyny nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG