Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow: Garaşsyz mediany ösdürmeli


B.Pannier: Belki, Türkmenistanyň hökümetem söz azatlygy meselesinde ýuwaş-ýuwaşdan şeýle prosese öwrenişip bilerdi.
B.Pannier: Belki, Türkmenistanyň hökümetem söz azatlygy meselesinde ýuwaş-ýuwaşdan şeýle prosese öwrenişip bilerdi.

Ýakynda prezident G.Berdimuhamedow özüniň saýlaw programmasy boýunça eden çykyşynda Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleriniň işini ösdürmek barada-da gürrüň etdi. Şu mesele barada Azatlyk Radiosyndan Allamyrat Rahym radionyň Merkezi Aziýa regiony boýunça analitigi Brýus Pannier bilen söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentiniň garaşsyz medianyň işini ösdürmek baradaky planlary, siziň pikiriňizçe, hakykatdanam durmuşa geçiriljek planlar hökmünde kabul edilip bilnermi?

B.Pannier: Ozaly bilen aýtjak zadym, Berdimuhamedowyň bu sözleriniň tutuşlygyna çyn ýürekden aýdylan sözler däl bolmagy mümkin. Ol hususy fondlara esaslanýan käbir gazetleriň ýa-da beýleki habar serişdeleriniň açylmagyna rugsat berip-de biler. Ýöne men bular ýaly habar serişdelerem, edil ähli beýleki döwlet habar serişdeleri ýaly, senzuranyň gözegçiligi astyna alnar diýip pikir edýärin.

RFE/RL-niň Merkezi Aziýa regiony boýunça analitigi Brýus Pannier
RFE/RL-niň Merkezi Aziýa regiony boýunça analitigi Brýus Pannier
Türkmenistanyň häzirki ýagdaýynda men ýurduň hökümetiniň syýasaty barada kimdir-biriniň erkin makala çap etdirip biljekdigini-de göz öňüne getirip bilmeýärin. Ýöne, islendik ýagdaýda-da, Türkmenistanda açyljak täze habar serişdeleri arkaly nähilidir bir alternatiw garaýyşlar berler diýip pikir etmeýärin.

Azatlyk Radiosy: Brýus, siziň bilşiňiz ýaly, Serhetsiz Reportýorlar Guramasy ýaly käbir halkara guramalarynyň sanawynda media azatlygy boýunça Türkmenistan henizem dünýädäki iň bir ýaramaz ýurtlaryň hatarynda bolmagynda galýar. Siziň pikiriňizçe, bu meselede Türkmenistany “ýaramaz” edýän esasy problemalar nämede?

B.Pannier: Ozaly bilen, Türkmenistanda ähli habar serişdeleri döwletiň eýeçiliginde we hökümetiň berk gözegçiligi astynda. Hiç bir garaşsyz habar serişdesiniň ol ýerde iş alyp barmagy üçin mümkinçilik ýok.

Elbetde, Azatlyk Radiosy we ýene az sanlyja beýleki habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän bir-iki sany adam bar diýip bolar. Ýöne olaram özleriniň nähili mesele barada maglumat berip biljekdikleri barada örän ätiýaçly bolmaly bolýarlar.

Türkmenistan bilen baglanyşykly esasy problemalardan ýene birem, bu ýurduň içine daşary ýurt žurnalistleriniň goýberilmeýändigidir. Şeýlelikde, ýurduň içinden hökümetiň syýasaty barada nähilidir bir ýiti tankydy maglumatlaryň berilmegi bütinleý mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Ýerli häkimiýetler tarapyndan media azatlygyna tarap çynlakaý ädimleriň ädilmeýän halatynda, söz azatlygynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda nähili mehanizmler ulanylyp bilner?

B.Pannier: Men bu meselede Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bu ýurtda iş alyp barýandygyna üns beresim gelýär. Olar, meniň pikirimçe, Gyrgyzystanda-da öz neşirýatlaryny açmak işinden başlapdylar.

Eger ýurduň içinde täze habar serişdeleriniň işine goldaw berjek halkara guramalary bar bolsa, bu habar serişdeleri ýönekeý kemçilikleri gozgamak ýaly meselelerden hem başlap bilerdiler. Ol tankytlar hökümetiň syýasatyna garşy gönükdirilmän, ýönekeýje bir ýerli meseleleri gozgaýan tankyt hem bolup bilerdi.

Beýle ädim ýere nahal ekmek ýaly bir proses. Sen ýere tohum taşlaýarsyň, soň ol kem-kem ösüp, has berkeýär. Belki, Türkmenistanyň hökümetem söz azatlygy meselesinde ýuwaş-ýuwaşdan şeýle prosese öwrenişip bilerdi.

Elbetde, beýle iş bir günüň içinde amala aşmaýar. Biz ýyllaryň dowamynda amala aşyp biläýjek proses barada gürrüň edýäris.
XS
SM
MD
LG