Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly alymy kim öldürip biler?


Janyna kast edilip öldürilen eýranly atomçy alym Mostafa Ahmadi Roşanyň jaýlanyş çäresi. Tähran, 13-nji ýanwar, 2012.
Janyna kast edilip öldürilen eýranly atomçy alym Mostafa Ahmadi Roşanyň jaýlanyş çäresi. Tähran, 13-nji ýanwar, 2012.

Geçen hepdäniň çarşenbe güni eýranly atomçy alym Mostafa Ahmadi Roşan Tähranda transport yolunda, öz münüp barýan ulagynda amala aşyrylan partlamada öldi. Bu amala aşyrylan operasiýa ony kimiň gurnandygyndan habar berip bilermi? Şu meseleler barada Azatlyk Radiosy Londondaky “Roýal United Services” atly institutyň analitigi Şahşank Joşi bilen söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Eýranly atomçy alym, 32 ýaşly Mostafa Ahmadi Roşanyň janyna kast edilişi gaty aňsat görünýär. Motosiklde barýan iki sany adam Roşanyň barýan ulagyna magnitli minany ýelmäp, maşyny partlatdylar we alymy hem-de onuň sürüjisini öldürdiler. Aslynda şeýle operasiýany amala aşyrmak näderejede kyn?

Şahşank Joşi: Nyşana alnan adam babatda aýdylanda, meniň pikirimçe, bu onçakly kyn däl. Biziň bilişimize görä, Eýranyň ýadro programmasynyň içinde günbatarly aňtaw gulluklarynyň köpüsiniň hem-de birnäçe arap, hatda Ysraýylyň aňtaw gulluklarynyň agentleriniň toplumy bar diýlip hasaplanylýar. Bu toplumy döretmek üçin olar tas onlarça ýyl diýen ýaly wagty sarp eden bolmaly. Olaryň köpüsi Eýranyň daşynda taýýarlanylan bolmaly. Şol sebäpden, Natanz ýaly desganyň başlygynyň 32 ýaşly orunbasarynyň adyny anyklamak onçakly kyn iş bolmaly däl.

Meniň pikirimçe, bu operasiýanyň çylşyrymly tarapy ony amala aşyrmakda. Ulag partlamasy usulynda gurnalýan bu operasiýanyň geçirilişi Eýranyň ýadro alymlarynyň garşysyna gönükdirilen ozalky kast edişlikleri ýatladýar. Bu gezegem obýekt öňünden berk bellenen hem-de hüjüm anyk bir nyşana gönükdirilen, partlamanyň wagty takyk ölçelen, elbetde, hüjümçiler hem jenaýatyň bolan ýerinden gaçyp sypanlar.

Has möhüm zatlardan biri bolsa, bu ýerde ýarag hökmünde magnitli bombanyň ulanylmagy. Ýaragyň bu görnüşi takyklygy bilen tapawutlanyp, ol ulanylanda nyşana alnanlar öldürilýär, daşyndakylar bolsa abat galýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdyşyňyz ýaly, bu operasiýany amala aşyrmakda bombanyň görnüşi ýörite saýlanypdyr. Bu usul bu hüjümiň aňyrsynda kimiň durandygyna yşarat berýärmi?

Şahşank Joş: Biz nähili partladyjy jisimiň ulanylandygyny anyk bilemizok. Biz eýranlylaryň faktlary näderejede açyp görkezýändiklerini ýa-da partladyjy jisimiň düzümini we beýleki jikme-jik maglumatlary bilemizok. Eýranlylar bular baradaky maglumatlary bermejege meňzeýarler.

Ýöne bu ýerde aýratyn bellemeli zat – bu operasiýany diňe ýol hereketiniň dyknyşykly wagtynda geçirip boljaklygydyr. Ýagny, şeýle ýagdaýda motosiklli hüjümçi köp sanly pyýada ötegçileriň ýa-da töwerekdäkileriň janyna howp salmazdan, nyşana alnan ulaga partladyjyny enjamy ýelmäp, soňra-da ol ýerden dessine arany açyp biljekdigidir.

Beýleki tarapdan, Eýrana garşy sanksiýalar boýunça halkara bileleşigini döretmek ugrunda Günbatar döwletleri we P5 (BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş agza döwleti) köp iş etdiler. Eýrany gepleşiklere dolamak üçin şeýle köp iş etmäge çalşylýan döwürde, eýsem, olar şeýle hüjüm arkaly bu tagallalary howp astyna salyp bilerdilermi ýa-da Eýrany has öjükdirip bilerdilermi?

Şol sebäpden (şeýle edilip bilinmejekdigine görä), bu hüjüm şol sanksiýalara dahylly däl topar tarapyndan ýa-da şol sanksiýalaryň netijesine garaşmaga takaty ýetmedik ýa-da sanksiýalaryň netije berjegine ynanmaýan bir döwlet tarapyndan amala aşyrylyp bilner diýip çaklamak mümkin.

Azatlyk Radiosy: Bu kast edişligiň ýüz beren döwründe käbir media serişdeleri Ysraýylyň aňtaw gullugynyň Yragyň demirgazygyndaky Kürt awtonom regionynda aktiw işleri geçirýändigi barada maglumatlara ünsi çekipdiler. Bu barada siz näme aýdyp bilersiňiz?

Şahşank Joş: Bu işi Kürdüstan bilen baglaşdyrmaklygyň özi ýörite nädogry maglumat berip, adamlaryň ünsüni başga tarapa gönükdirmegiň mysaly bolup biler. Hüjümleriň çylşyrymly görnüşlerinde bular ýaly usulyň ulanylyp bilinjekdigine hiç haçan şübhelenmeli däl. Ýöne häzirki meselede gürrüň Eýranyň ýerli kürtleri barada gitmeýär. Gürrüň Eýrandan çykyp giden we Yragyň Kürdüstan regionynda ýaşaýan bosgunlar barada gidýär.

Maglumatlarda bombaly operasiýany amala aşyrmak üçin hüjümçileriň hut Eýran döwletinden närza adamlaryň arasyndan saýlanan bolmagynyň mümkindigi çak edilýär. Sebäbi, şol adamlar Eýran döwletinden ejir çekenler hasaplanylýar.

Elbetde, bu aňtaw gulluklarynyň öz okuw kitaplarynda beýan edilýän ýönekeý usullara eýerip amala aşyraýjak gizlin operasiýalarynyň bir görnüşi. Adatça, äňtaw gulluklary bular ýaly işlerde öz ýurtlarynyň raýatlaryny ulanmaýarlar. Beýle işlerde elmydama nyşana alynýan ýurduň raýaty ýa-da üçünji bir ýurduň raýaty ulanylýar. Şeýlelikde, meniň pikirimçe, biz bu ýagdaýa çynlakaý seretmeli, ýöne edilen jenaýat bilen jenaýatçylaryň arasyndaky berk baglanyşygy tapmak üçin bize entek goşmaça deliller gerek.
XS
SM
MD
LG