Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky saýlawlar tankyt edildi


ÝHHG: “Ýekşenbe güni Gazagystanda geçen parlament saýlawlary demokratik saýlawlaryň esasy prinsiplerine laýyk gelmeýär”.
ÝHHG: “Ýekşenbe güni Gazagystanda geçen parlament saýlawlary demokratik saýlawlaryň esasy prinsiplerine laýyk gelmeýär”.

Gazagystanda 15-nji ýanwarda geçen parlament saýlawlarynda üç partiýa parlamentden orun aldy. Şeýdibem, ýurduň köp tankytlanan bir partiýaly dolandyryşy tamamlandy.


Gazagystandaky bu saýlawlarda, köpleriň garaşyşy ýaly, häkimiýetlere garşy durýan hiç bir oppozision partiýa parlamentden orun alyp bilmedi. Halkara synçylary bu saýlawlaryň demokratik ölçeglere laýyk geçmändigini aýdýarlar.

15-nji ýanwardaky parlament saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, ýurdy dolandyrýan “Nur otan” partiýasy bilen birlikde prezident Nursoltan Nazarbaýewi berk goldaýandygy bilen tanalýan “Ak žol” we “Halk kommunistik” partiýalary täze parlamente girdiler.

Tankyt edildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar missiýasy 16-njy ýanwarda bu meselede öz pozisiýasyny mälim etdi: “Ýekşenbe güni Gazagystanda geçen parlament saýlawlary demokratik saýlawlaryň esasy prinsiplerine laýyk gelmeýär”.

Astanada bolan metbugat konferensiýasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Joao Soaresiň bellemegine görä, bu saýlawlara oppozision partiýalaryň gatnaşmagyna ýol berilmedi.

“Eger Gazagystanyň häkimiýetleriniň parlamentde partiýalaryň sanyny köpeltmek maksatlary çyn bolsa, saýlawlara köpräk oppozision partiýalaryň gatnaşmagyna ýol bermeli. Biz geljekde bu ugurda özgerişler bolar diýip umyt edýäris” diýip, Joao Soares belledi.

Saýlaw resmileri “Nur otan” partiýasynyň sesleriň 80 prosentden sähel gowragyny alandygyny aýdýarlar. “Ak žol” we “Halk kommunistik” partiýalarynyň hersi sesleriň 7 prosentden gowragyny gazandylar. Bu saýlawlara gatnaşan ýeke-täk hakyky oppozision partiýadygy aýdylýan Sosial-demokratik partiýa bary-ýogy 1.6 prosent ses aldy.

Şu gün Astanada ÝHHG-niň synçylar missiýasynyň başlygy Mikloş Haraşti žurnalistlere saýlaw kampaniýasynyň berk çäklendirmeler astynda geçendigini tankytlap, onuň saýlawçylaryň hukuklaryny juda çäklendirýändigini aýtdy: “Saýlawlaryň netijelerini, şol sanda parlamente ýurdy dolandyrýan partiýadan başga-da iki partiýanyň girmegini häkimiýetler tarapyndan sahnalaşdyrylan saýlaw hökmünde häsiýetlendirmek mümkin”.

Oppozisiýa nägile

Duşenbe güni oppozisiýa aktwistleri saýlawlaryň netijelerine närazylyk bildirip, 17-nji ýanwarda Almaatynyň merkezi meýdançasynda demonstrasiýa geçirjekdiklerini mälim etdiler. Mundan öň olar saýlawlarda köp galplygyň bolandygyny bellediler. Emma, muňa garamazdan, prezident Nursoltan Nazarbaýew saýlawlaryň görlüp-eşidilmedik derejede açyk-aýdyň geçendigini nygtady.

Kanundaky möhletine görä, bu saýlawlar şu ýylyň awgystynda geçirilmelidi. Emma geçen ýylyň noýabrynda prezident Nazarbaýew parlamenti dargatdy we saýlawlary wagtyndan ir geçirmek barada perman çykardy.

Ýekşenbe güni geçen saýlawlaryň netijesinde 107 orunly Mejlise giren partiýalaryň sany bu gezek birden köp. Ýogsa, 2007-nji ýyldaky parlament saýlawlarynyň netijesinde Mejlisdäki orunlaryň ählisini “Nur otan” partiýasy eýeläpdi.

Ýekşenbe günki saýlawlarda Mejlisdäki 98 orun üçin ses berlişik boldy. Galan 9 orna deputatlary yurduň ýokary maslahat beriji organy bolan “Halk Assambleýasy” saýlar. Bu organ prezident Nazarbaýewiň syýasatyny berk goldaýjy organ hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG