Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan iň üstünlikli sportsmenleri yglan etdi


"Geçen ýylky üstünlikleriň biri-de sportsmenlerden käbirleriniň şu ýylky Beýik Britaniýanyň paýtagtynda boljak olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyna eýe bolmaklarydyr".

"Geçen ýylky üstünlikleriň biri-de sportsmenlerden käbirleriniň şu ýylky Beýik Britaniýanyň paýtagtynda boljak olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyna eýe bolmaklarydyr".

Türkmenistanyň 2011-nji ýylda iň uly üstünlik gazanan sportsmenleriniň atlary yglan edildi. Olar jemi 17 adam.


Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu türkmenistanly sportsmenleriň geçen ýylky üstünlikleriniň biri-de olardan käbirleriniň şu ýylky Beýik Britaniýanyň paýtagtynda boljak olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyna eýe bolmaklarydyr.

Resmi maglumata görä, 2011-nji ýyl boýunça iň üstünlikli sportsmenleriň sanawyna giren aýal we erkek sportsmenler agyr atletikada, şeýle-de grek-rim göreşi, dzýudo, boks we kikboksing ýaly göreş tilsimleri boýunça üstünlik gazanypdyrlar.

Türkmenistanyň sport pudagynyň öňki işgäri, SSSR-iň Sport komitetiniň ýanyndaky respublikan futbol mekdebiniň we olimpiýa rezerwi boýunça sport mekdebiniň müdiri bolup işlän Anatoliý Fominiň bellemegine görä, agyr atletika, ilkinji nobatda-da, ştanga götermek we göreşiň dürli görnüşleri köpden bäri türkmen sportunyň öňde baryjy ugurlarydyr.

Käbir üstünlikler

Türkmenistanyň 2011-nji ýyl boýunça iň üstünlikli ştangaçylarynyň üçüsi Ömürbek Bazarbaýew, Daniýar Ismailow we Tolkunbek Hudaýbergenow şu ýyl olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar.

Aşgabadyň "Köpetdag" meýdançasynda tomaşaçylar sport ýaryşlaryna tomaşa edýärler.

Aşgabadyň "Köpetdag" meýdançasynda tomaşaçylar sport ýaryşlaryna tomaşa edýärler.

Bu üç sportsmen 2011-nji ýylyň noýabr aýynda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Hut şol ýaryşda agyr atletika boýunça sportsmen Ömürbek Bazarbaýew agramy 62 kilo çenli iň güýçli sportsmenleriň başky bäşisiniň hataryna giripdi.

Ştangaçy Daniýar Ismailow 2011-nji ýylda Malaýziýanyň Pinanga şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Dünýä çempionatynda bürünç medala eýe boldy. Şonda Ismailow 20 ýaşa ýetmedik ýaşlar kategoriýasynda ýaryşypdy.

Türkmenistanyň iň üstünlikli sportsmenleriniň 17 adamlyk sanawynda Arslan Oraşew, Hojamuhammet Toýçyýew, Kyýas Esenow, Amanaly Ataýew, Nursähet Pazzyýew, Gülnar Haýytbaýewa, Guwanç Atabaýew, Döwletmyrat Sapargeldiýew, Yhtyýar Matkerimow, Seýitjan Mirzoýew, Şameret Hallyýew, Çary Çaryýew, Tirkeş Aýazow we Ýagşymyrat Annamyradow dagylaryň atlary-da sanalyp geçilýär.

Ünsi talap edýän ugurlar

Sport ugrundan bilermen Anatoliý Fomin öz wagtynda Türkmentsanda ýeňil atletikanyň we ýaşlar futbolynyň-da Türkmenistanda ösen sport ugurlary bolanlygyny belledi.

Anatoliý Fomin Türkmenistanyň futbol boýunça sport mekdeplerine müdirlik eden döwründe onuň okuwçylarynyň arasynda soňra Tatarstanyň, Özbegistanyň we Orsýetiň futbol komandalarynda oýnan meşhur futbolçy we trener Waleriý Nepomnýaşiý we Orsýetiň “Rubin” futbol komandasynyň häzirki treneri Gurban Berdiýew dagylar hem türgenleşipdiler.

Häzirki wagt Türkmenistanyň sportunyň ösüşine degişli işler ýurduň Syýahatçylyk we sport boýunça döwlet komiteti tarapyndan amala aşyrylýar. 2011-nji ýylda üstünlik gazanan türkmen sportsmenleriniň döwlet tarapyndan nähili sylaglanýanlygy barada Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport boýunça döwlet komitetiniň resmi maglumatynda habar berilmeýär.

Bu wakalaryň fonunda Türkmenistan ýakyn geljekde abraýly halkara sport ýaryşyny geçirmeklige-de taýýarlyk görüp başlady. 2010-njy ýylda Türkmenistan Aziýanyň ýapyk jaýlardaky 5-nji oýunlaryny geçirmek hukuguna eýe boldy. 2005-nji ýylda esaslandyrylan bu oýunlaryň 5-jisi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG