Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejadyň metbugat wekiline bir ýyl türme tussaglygy berildi


Şu gün Eýranyň sudy prezident Mahmud Ahmedinejadyň metbugat boýunça geňeşçisi Ali Akbar Žawanfikri bir ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ol Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýini kemsidenlikde günälendi.

Mundan başga-da, Ali Akbar Žawanfikr bäş ýyllap media edaralarynda, syýasy partiýalarda we bileleşiklerde işlemekden mahrum edildi.

Resmi IRNA habar gullugynyň maglumatynda Akbar Žawanfikriň Ali Hamaneýini nähili kemsidendigi barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG