Sepleriň elýeterliligi

Eýran Pars aýlagyndaky öz goňşularyna duýduryş berýär


Eýran Pars aýlagyndaky goňşularyna eger Günbatar özüniň nebit eksportyna garşy embargo girizse, olaryň nebit eksportlaryny artdyrmazlyga çagyrdy.

Bu barada Eýranyň halkara OPEC guramasyndaky wekili Muhammet al Hatibi Kataryň “Şark” gazýetine beren interwiýysynda aýtdy.

Hatibiniň sözlerine görä, Tähran bular ýaly hereketleri “dostlukly” hasaplamaýar we Eýranyň haýyşyna gulak gabartmadyk ýurtlar munuň üçin talabalaýyk “gaýtawul” alarlar.

Ýakynda Ýewropa Bileleşigine agza döwletler Eýranyň nebit eksportyna gadaganlyklary güýçlendirmägi ylalaşdylar. Günbatar Tährana ýadro programmasy boýunça basyş etmäge synanyşýar.

Eýýäm bu regiýondaky iň köp nebit öndürýän Saud Arabystany öz müşderileriniň isleglerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG