Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleriň duşuşyklary dowam edýär


Şu gün Türkmenistanda prezidentlige dalaşgär Annageldi Ýazmyradow bilen Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň medeniýet köşgünde, Gurbanmämmet Mollaniýazow bilen Balkanabatdaky döwlet drama teatrynda, Kakageldi Abdyllaýew bilen Daşoguz welaýatynyň döwlet drama teatrynda we Rejep Bazarow bilen hem Türkmenabatdaky döwlet drama teatrynda duşuşyklaryň geçirilýändigini resmi metbugat habar berýär.

Düýn prezidentlige dalaşgär, suw hojalygy ministri Annageldi Ýazmyradowyň programmasy resmi metbugatda çap edildi.
Onuň pikiriçe, prezidentlik saýlawlary milli demokratiýa we adam hukuklary prinsipleriniň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýazmyradow öz programmasynda sosiýal- ykdysady, bilim, oba-hojalyk pudaklarynda amala aşyrylan işler barada gürrüň berýär. Şonuň ýaly-da, düýn resmi metbugatda prezidentlige dalaşgär, “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň başlygy Esendurdy Gaýypowyň programmasy hem çap edildi.
XS
SM
MD
LG