Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa boýunça rezolýusiýanyň täze görnüşini hödürledi


Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa boýunça rezolýusiýanyň täze görnüşini hödürledi. Emma günbatarly diplomatlar bu rezolýusiýanyň taslamasynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hereketlerini ýazgarýan anyk pikiriň ýokdugyny aýdýarlar.

Şu gün Howpsuzlyk Geňeşine agza 15 ýurt Orsätiň teklip eden bu tekstini maslahatlaşmaga ýygnanar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýa boýunça hemmeleri kanagatlandyryp biljek rezolýusiýany birnäçe aý bäri kabul edip bilmän gelýär.
XS
SM
MD
LG