Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Costa Concordia” syýahat gämisiniň eýesi kapitany aýyplaýar


Italiýanyň Jilio adasynyň golaýynda heläkçilige uçran “Costa Concordia” syýahat gämisiniň eýesi bu bolan wakada gäminiň kapitanyny aýyplap çykyş etdi.

Gäminin eýesi Pýer Luiji Foskiň sözlerine görä, kapitan Françesko Skettino gäminiň barýan ugruny üýtgetmek barada özbaşdak hem aklap bolmajak buýruk beripdir.

Pýer Luiji Fosk ýerli ýaşaýjylary haýran galdyrmak üçin “Costa Concordia” gämisi kenara juda golaý getirilipdir diýip hasap edýär.

Anna güni agşam bolan bu gämi heläkçiliginde 6 adam heläk boldy, 29 adam häzirlikçe dereksiz ýiten hasap edilýär. Olaryň gözlegi dowam edýär.
XS
SM
MD
LG