Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň maliýe fondunyň görkezijisi aşak düşürildi


Maliýe fondlarynyň ýagdaýyna baha beriji halkara “Standard and Poor's” maliýe agentligi Ýewropanyň maliýe durnuklylygy fondunyň görkezijisini duşenbe güni bir dereje aşak düşürdi.

Agentligiň ýaýradan beýannamasynda maliýe durnuklylygy fondunyň kepili bolan Fransiýa bilen Awstriýanyň görkezijisi anna güni aşak düşürilensoň, Ýewropanyň umumy maliýe durnuklylygy fondunyň ýagdaýy barada-da şeýle karara gelnendigi habar berilýär.

Agentligiň pikiriçe, ýewro pul zolagyna girýän we iň ýokary maliýe görkezijisi bolan dört ýurt, ýagny Germaniýa, Gollandiýa, Finlýandiýa we Lýuksemburg bu fonduň ynamdarlygyny ýeterlik derejede kepillendirip bilmeýär.
XS
SM
MD
LG