Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe güni Yrakda azyndan on iki adam heläk boldy


Duşenbe güni Yragyň aýry-aýry raýonlarynda biri-biri bilen baglanyşygy bolmadyk iki partlamada azyndan 12 adam heläk boldy.

Bagdatdan günortada ýerleşýän Hill şäherinde 4 adam partlamanyň pidasy boldy, 13 adam ýaralandy. Mosul şäheriniň eteginde bolan başga bir partlamada bolsa, 8 adam öldi.

Geçen dynç alyş günleri Yrakdaky partlamalarda jemi 70-den gowrak şaýy raýaty öldi. Synçylar bu ýagdaýlary şaýy mezhebinden bolan premýer-ministr Nury al-Mäliki bilen sünni syýasatçylarynyň arasyndaky konflikt bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG