Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada yslam teologiýasy boýunça ilkinji fakultet açyldy


Duşenbe güni Germaniýada yslam teologiýasy boýunça ilkinji uniwersitet fakulteti açyldy. Týubingen uniwersitetine kabul edilen 36 adam dört ýyllyk okuw programmasyny tamamlansoň, bakalawr derejesini alar.

Sapaklar nemes dilinde bolsa-da, bu fakultetiň okuw programmalarynda arap dilini bilmek hökmany bolup durýar.

Fakultetiň açylyş dabarasynda çykyş edip, Germaniýanyň bilim ministri Anette Şawan ýurtda dört million musulmanyň ýaşaýandygyny, Týubingen uniwersitetiniň bu teklibiniň integrasiýa işinde öwrülişikdigini belledi.
XS
SM
MD
LG