Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranda alymyň ölüminde güman edilýänler tussag edildi


Duşenbe güni Eýranyň parlamentiniň başlygy Aly Larijany atomçy alym Mustafa Ahmadi Roşanyň Tähranda öldürilmegine gatnaşygy bar diýlip hasaplanylýan birnäçe adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Ýöne ol tussag edilenleriň anyk sanyny aýtmady we olaryň ählisiniň häzirki wagt sorag edilýändigini habar berdi.

Natanz şäherindäki urany baýlaşdyrýan kärhananyň direktorynyň orunbasary Ahmadi Roşan geçen çarşenbe güni Tähranyň köçesinde öz ulagynda barýarka öldürilipdi. Onuň maşynyna ýelmenen partlaýjy gural herekete gelip, alymyň ölümine sebäp bolupdy.

Eýranyň häkimiýetleri bu jenaýata gatnaşykda ABŞ-ny, Beýik Britaniýany we Ysraýyly aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG