Sepleriň elýeterliligi

Amerikan diplomaty Seulda Eýrana garşy çagyryş etdi


Duşenbe güni Seula baran ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaraglara kontrollyk etmek boýunça ýörite geňeşçisi Robert Eýnhorn Günorta Koreýany we beýleki ýurtlary Eýrandan alýan çig nebitiniň möçberini azaltmaga çagyrdy.

Bu baradaky çykyşynda Robert Eýnhorn “ýadro programmasy boýunça gepleşiklere çynlakaý çemeleşeri ýaly, Tährana gysyş etmekde Waşingtona goldaw gerek” diýdi.

Soňky aýlar Birleşen Ştatlar halkara arenasynda Tährana garşy Waşingtonyň sanksiýalaryna soýuzdaşlarynyň goşulmagy üçin aktiw işleri alyp barýar.
XS
SM
MD
LG