Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: Türkmen tarapyndan çakylyk bolmady


Ý.Eşenbaher: "Hawa, biz başda türkmen resmilerinden saýlawlara gatnaşmak boýunça çakylyk aldyk. Emma ol çakylykda diňe saýlawlara hemeýat beriji toparyň ugradylmagy soralýardy".

Ý.Eşenbaher: "Hawa, biz başda türkmen resmilerinden saýlawlara gatnaşmak boýunça çakylyk aldyk. Emma ol çakylykda diňe saýlawlara hemeýat beriji toparyň ugradylmagy soralýardy".

ÝHHG-niň Demokratik Institutlar we Adam Hukuklary boýunça edarasynyň Kesgitleýji topary Aşgabadyň çakylygy bilen, 7-9-njy dekabrda Türkmenistanda saparda bolupdy. Şol saparyň netijesi boýunça ýaýradan hasabatynda bolsa, bu topar “Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik etjek missiýanyň, hatda onuň az sandaky gözegçileriniň hem häzirki wagtda ol ýere ugradylmagy maslahat berilmeýär” diýip belläpdi.

ÝHHG-niň öz gözegçilerini Türkmenistana ugradyp-ugratmazlyk barada gelen netijesi bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy ÝHHG-niň Demokratik Institutlar we Adam Hukuklary boýunça edarasynyň metbugat wekili Ýens Eşenbaher bilen söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Geçen aý ÝHHG-niň Demokratik Institutlar we Adam Hukuklary boýunça edarasynyň Kesgitleýji topary Türkmenistanda saparda bolupdy. Toparyň hasabatynda fewral aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçi toparynyň ugradylmazlygy maslahat berilýärdi. Siziň edaraňyz bu barada belli bir karara geldimi?

Ýens Eşenbaher: Hakykatdanam, türkmen resmileriniň çakylygy esasynda, Kesgitleýji topar Türkmenistanda saparda boldy. Kesgitleýji topar öz hasabatynda, ýurduň saýlaw kanunçylygyndaky bar bolan kemçilikleri göz öňünde tutup, fewral aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçileri ugratmazlygy maslahat berdi.

Üstesine-de, gözegçi toparynyň ugradylmagy barada Türkmenistan tarapyndan çakylyk bolmady. Bulary nazarda tutup, biz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG-niň) Aşgabatdaky edarasynyň haýyşy esasynda, ol ýere az sanly eskpertlerimizi ugratmak kararyna geldik. Olar geçiriljek saýlawlara hemaýat bererler. Şunlukda, biz Türkmenistana hiç hili gözegçilik toparyny ugratman, onuň ornuna az sanly eskpertler toparyny ýollap oňmakçy.

Azatlyk Radiosy: Siz gözegçileriň ugradylmagy barada Türkmenistan tarapyndan çakylygyň bolmandygyny aýtdyňyz. Ondan öňinçä bolsa, Kesgitleýji toparyň türkmen resmileriniň çakylygy esasynda Türkmenistana sapar edendigini aýtdyňyz. Muňa nähili düşünmeli? Türkmen resmileri çakylyk berdimi ýa-da bermedi?

Ýens Eşenbaher: Hawa, biz başda türkmen resmilerinden saýlawlara gatnaşmak boýunça çakylyk aldyk. Emma ol çakylykda diňe saýlawlara hemeýat beriji toparyň ugradylmagy soralýardy. Ýagny, ol diňe saýlawlaryň guramaçylyk işlerine hemaýat bermek bilen çäklenmeli.

Emma beýle işiň biziň edaramyzyň alyp barýan işleriniň düýp maksady bilen hiç bir dahyly ýok. Diýjek bolýanym, biz saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik edýäris, emma türkmen tarapyndan muny amala aşyrmak boýunça çakylyk berilmedi. Şunuň özi hem biziň ol ýere az sanly ekspertleri ugratmagymyzyň bir sebäbi bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Umuman, “gözegçileri ugratmaly däl” diýen netijä gelinmegine anyk näme sebäp boldy?

Ýens Eşenbaher: Gözegçileri ugratmaly däl diýen karara, ozaly bilen, biziň Kesgitleýji toparymyzyň rekomendasiýalary esasynda gelindi. Bu birinji sebäp. Beýleki tarapdan bolsa, biz türkmen resmilerinden gözegçi toparyny ugratmak boýunça-da hiç hili çakylyk almadyk.

Azatlyk Radiosy: Siz gözegçileriň deregine hemaýat berjek eskpertler toparynyň ugradyljakdygyny aýtdyňyz. Şol ekspertleriň wezipesi nämeden ybarat bolar?

Ýens Eşenbaher: Olaryň wezipesi geçiriljek saýlawlaryň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasyna hemaýat bermek bilen çäklener. Häzirlikçe olaryň alyp barjak anyk işleri barada bir zat aýdardan ir. Biz häzirki wagt ol ýerdäki edaramyz bilen habarlaşyp, ugradyljak topar blen bagly edilmeli işleriň tertibini maslahatlaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG