Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Äleme anbar saçýan tylla saçlar


"Elbetde, döwür özgerdi. Emma muňa garamazdan, häzirem gelin-gyzlarymyzyň saçy olaryň gözelliginiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar".
"Elbetde, döwür özgerdi. Emma muňa garamazdan, häzirem gelin-gyzlarymyzyň saçy olaryň gözelliginiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar".
Ussat şahyrlarymyzyň arasynda gelin-gyzlarymyzyň saçyny taryp etmedigi ýok bolsa gerek. Eýse, näme üçin gelin-gyzlarymyzyň saçy şeýle taryplandyka? Sebäbi ata-babalarymyz owadan hem uzyn saçlara zenan synasynyň gözelligi hökmünde baha beripdirler, ol gözelligi wasp edipdirler.

Türkmende gelin-gyzlarymyz saçyny daranda ýolnan ýa-da haýsydyr bir sebäbe görä ýere düşen saçlaryny ýygnap, olary aýratyn bir ýerde gömýärler. Garry mamalarymyzyň aýtmagyna görä, zenanlaryň düşen saç tarynyň üsti bilen olara täsir ýetirip bolýar diýen ynanç bar. Şol sebäpli gelin-gyzlaryň düşen saçynyň ýaýrap ýatmagyna ýol berilmändir. Üstesine-de, zenanlarymyzyň saçynyň düşen tellerini ýygnap, soňra toplap gömmegi uly bir edep mekdebidir.

Örümleriň köpdürli manysy

Gelin-gyzlarymyz saçyny uzynlygyna goýberip, iki, dört, hatda kyrk örüme çenli örýärler. Geçmişde zenanlarymyzyň saçy olaryň her bir ýaşdaky aýratynlygyny kesgitläpdir.

"Geçmişde türkmen zenanlarynyň saçy olaryň her bir ýaşdaky aýratynlygyny kesgitläpdir".
"Geçmişde türkmen zenanlarynyň saçy olaryň her bir ýaşdaky aýratynlygyny kesgitläpdir".
Mysal üçin, durmuşa çykmadyk gyzlar saçyny öňüne goýberip, adatça, iki örüm edipdirler. Durmuşa çykmaga ýetişen gyzlar saçyny dört örüm edip, öňüne goýberipdirler. Toý-tomguda ýetişen ogully ene-atalar dört örüm saçly gyzy görseler, derrew şol gyzyň kimiň gyzydygyny sorap-idäp, olara gudaçylyga barypdyrlar. Biziň bu aýdanlarymyzy, belki:

Dört örüm saçly, eý galam gaşly -

diýen setirler bilen başlanýan türkmen aýdymy hem tassyklaýandyr.

Ýaňy durmuşa çykan gelinler saçyny kyrk örüme çenli owadan örüp, örüm saçlaryny ýeňsä atypdyrlar. Gartaşan aýallar saçyny ýygnapdyrlar. Başy boş gelinleriň arasynda saçy ýygnalany bar bolsa, durmuşa çykmaga meýillidigini aňladypdyr.

Gelniň başy boş bolsa-da, eger onuň saçy örülip, arkasyna atylan bolsa, oňa gudaçylyga barmaga ýa söz aýtmaga hiç kim milt edip bilmändir. Çünki saçyny örüp, arkasyna atmagy bu başy boş maşgalanyň äriniň ojagyny saklap oturjakdygyna şaýatlyk edipdir. Umuman, saçy öňüne atmak – gyzlara, örüm saçlaryny ýeňsä atmak bolsa aýallara mahsus bolupdyr.

Saçbaglyklaryň täsinligi

Gelin-gyzlarymyzyň saçy näçe uzyn bolsa, şonça gowy görlüpdir. Ussat klassyk şahyrymyz Mollanepes:

Elwan geýip, gyýa-gyýa bakar sen,
Zerewşan zülpüňi ýere döker sen –


diýip, zenanlarymyzyň uzyn, tylla saçyny wasp edipdir.

Türkmen aýal-gyzlary örülen saçlarynyň ortarasyndan saçbaglyk goýberip, şol saçbaglyga altyndan, gartaşan aýallarymyz bolsa kümüşden saçlyk berkidipdirler. Saçbaglyk gelin-gyzlarymyzyň saçyny has ýogyn, zer saçlyklar bolsa owadan görkezipdir. Magtymguly Pyragy türkmen aýal-gyzlarynyň örüm saçlarynyň waspyny şeýle wasp edipdir:

Saçbagyň ujunyň simdir işmesi…

Gelin-gyzlarymyz zer sim bilen saçlygy saçbaga berkidipdirler. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň “Saçbagyň ujunyň simdir işmesi” diýen setirindäki “sim” sözi zerli sim manysyny aňladýar.

Zenanlarymyz gepleşikde saçlygy saçbaga berkidýän dürli ýüplere “sim” diýipdirler. Olar diňe simiň nämedendigini anyk bilmek üçin soralanda, “zer altyndan” ýa “zer kümüşden” diýip jogap beripdirler. Gyzlaryň saçlygy saçbaga berkidýän simi, köplenç, altyndan ekeni. Aýallaryň bolsa ýaş aýratynlygyna garamazdan, zer simi kümüşden bolupdyr.

Saçujularyň gözellige goşandy

Zenanlarymyz saçbagyny saçujusyna berkidip, owadan edip düwüpdirler. Saçujusyna bolsa gyzlar ýa täze gelinler altyndan, gelinler bolsa kümüşden düwme dakypdyrlar. Gartaşan aýallar saçujusyna düwme dakmandyrlar. Gelin-gyzlar ýörände, zer düwmeler owadan ses edipdir. Bu pursaty Kemine şahyrymyz şeýle beýan edipdir:

Ertir turup owlak-guza eseder,
Esedende, saçujusy ses eder.


Gelin gyzlarymyzyň saçlaryna dakýan gyzyl-kümüşleri olary her hili bela-beterlerden goraýar diýen ynanç şu günler hem bar. Hut şol sebäpdenem käbir halatlarda yrymçy aýal-gyzlarymyz saçlaryny alaja ýüp bilen örýärler. Ýöne bu däp giňden goldanmandyr.

Elbetde, döwür özgerdi. Emma muňa garamazdan, häzirem gelin-gyzlarymyzyň saçy olaryň gözelliginiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Diýmek, häzirki zamanyň ösüşi-de owaldan kämil däp-dessura zeper ýetirmeýär, ol däp-dessurlar diňe döwre görä kämilleşýär.

Şonuň üçin, Keminäniň dili bilen aýtsak, gelin-gyzlarymyzyň “äleme anbar saçýan tylla saçlary”, ol saçlaryň bark urýan tämiz hem hoşboý ysy geljekde-de aşyklaryň hem şahyrlaryň wasp edýän gözellik simwollarynyň biri bolmagynda galar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist. Bu blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG