Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanly taksiçiler Bakuda proteste çykdylar


Duşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda polisiýa proteste çykan ýüzlerçe taksi sürüjä garşy hüjüm etdi. Taksiçiler kireý etmek üçin hususy ulagyny ulanmaklary bilen bagly täze düzgünlere närazylyk bildirdiler.

100-den gowrak polisiýa işgäri ýurdyň Transport ministrliginiň jaýynyň ýanynda proteste çykan sürüjilere garşy dürre ulandy. Taksi sürüjiler transport ministri Ziýa Mämmedowyň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Bu wakada 3 taksiçi tutyldy. Emma, olar protestçileriň basyşy bilen derrew boşadyldy.

Täze düzgünler boýunça taksi sürüjiler diňe lisenziýasy bar bolan halatynda, öz ulaglarynda kireý edip bilýärler.
XS
SM
MD
LG