Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň oppozisiýa partiýasy protest çäresini geçirdi


Şu gün Gazagystanyň “Umumymilli sosial demokratik” oppozisiýa partiýasy ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy Almaaty şäheriniň merkezi meýdançasynda protest geçirdi.

Partiýanyň agzalary dürli saýlaw merkezlerindäki komissiýanyň saýlawlaryň netijeleri baradaky protokollarynyň nusgasyny ýakdylar.

Bu proteste 200 çemesi adam gatnaşdy. Häkimiýetleriň resmi taýdan rugsat eden protesti asuda geçdi.
XS
SM
MD
LG