Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dalaşgärleri hasaba almak tamamlandy


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezidentlige kandidatlary hasaba almak işini tamamlady. Döwlet baştutanynyň wezipesine 8 adam dalaş eder.

Olar eýýäm saýlawlaryň öňüsyrasyndaky agitasiýasyna başladylar hem saýlawçylar bilen duşuşýarlar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

12-nji fewralda prezidentlige häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan daşary Rejep Bazarow, Kakageldi Abdyllaýew, Gurbanmämmet Mollanyýazow, Annageldi Ýazmyradow, Esendurdy Gaýypow, Saparmyrat Batyrow we Ýarmuhammet Orazgulyýew dagylar dalaş ederler.
XS
SM
MD
LG