Sepleriň elýeterliligi

Ýewrokomissiýa Wengriýanyň garşysyna ýuridiki çäre görmekçi


Sişenbe güni Ýewropa Komissiýasy Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyny bozmagy bilen bagly Wengriýanyň garşysyna sanksiýa girizmäge getirip biljek ýuridiki işlere resmi taýdan garap başlady.

Ýewrokomissiýanyň baştutany Joze Manuel Barosso Wengriýanyň öz sud sistemasyny, milli bankyny, maglumatlary goramak baradaky edarasyny reformirlemek barada kabul eden täze kanunlary boýunça Ýewropa guramalarynyň eden belliklerine Wengriýanyň reaksiýa bildirmändigini aýtdy.

“Ýewropa Bileleşiginiň kanunlaryny ýerine ýetirmegi kepillendirmek üçin wenger häkimiýetleri kanunlaryna zerur üýtgetmeleri girizer diýip umyt edipdik.Ol tamamyz çykmady, şonuň üçinem Wengriýa bilen bagly zerur ýuridiki işlere başlamak kararyna geldik” diýip, Barosso belledi.
XS
SM
MD
LG