Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da Ak Tama garşy ok atan raýata resmi günä bildirildi


Birleşen Ştatlarda bu ýurduň ýaşaýjysy, 21 ýaşly Oskar Ortege- Ernendesuwe prezident Barak Obamany öldürmäge synanyşykda resmi günä bildirildi.

Bu ýerde gürrüň geçen ýylyň 11-nji noýabrynda bolan waka barada barýar. Şonda Ak Tama garşy ok atylypdy. Ýöne wakada jebir çeken bolmandy.

Sişenbe güni geçen sud diňlenişiginde Oskar Ortege- Ernendesuwe jemi 17 madda boýunça günä bildirildi, şolaryň arasynda amerikan prezidentiniň rezidensiýasyna zyýan ýetirmegem bar.

Derňewiň maglumatyna görä, tussag astynda oturan sorag edilende, özüni hudaýyň wekili atlandyryp, Ak Tama hüjüm etmek missiýasynyň özüne tabşyrylandygyny aýdypdyr. Şol bir wagtda-da, Oskar Ortege-Ernendesuw akyly ýerindäki , suduň öňünde jogap bermeli adam diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG