Sepleriň elýeterliligi

Prohorow prezident saýlawlarynda oz şansynyň uludygyny aýdýar


Sişenbe güni eden çykyşynda Orsýetiň prezidentligine dalaşgär, telekeçi-milliarder Mihail Prohorow “ÝUKOS” nebit kompaniýasynyň öňki başlygy Mihail Hodorkowskä hem hökümetde orun tapyp boljakdygyny belledi.

“Eho Moskwy” radiosyna beren bu interwýusynda ol özüniň prezident saýlanan halatynda häzir türmede oturan Hodorkowskini gep-gürrüňsiz aklajakdygyny aýtdy.

Prohorow Orsýetde şu ýylyň 4-nji martynda boljak prezident saýlawlarynda ikinji tapgyr bäsleşige çykmak üçin özünde we premýer-ministr Wladimir Putinde şansyň uludygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG