Sepleriň elýeterliligi

Pakystanda “Amerikanyň sesi” radiosynyň žurnalisti öldürildi


Sişenbe güni Pakystanyň demirgazyk-gündogarynda “Amerikanyň sesi” radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli žurnalist Mukarram Han Atif näbelli adamlar tarapyndan öldürildi.

Maglumata gorä, žurnaliste Şabkadar şäherinde, öýüniň golaýyndaky metjitde hüjüm edilipdir. Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, agşam namazy wagty iki adam metjide motosiklli baryp, olaryň biri metjidiň içinde Mukarram Han Atifi kellesinden atypdyr we gaçyp gidipdir.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini talyplar öz üstüne alyp, Mukarram Han Atife özüniň paş ediji reportažlary üçin ozal birnäçe gezek duýduryş berendiklerini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG