Sepleriň elýeterliligi

Zenanlara garşy zorluklaryň köki nirede?


"Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan hem zenanlara garşy edilýän zorluklaryň köp duş gelýän ýurtlary hökmünde bellenilýär".

"Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan hem zenanlara garşy edilýän zorluklaryň köp duş gelýän ýurtlary hökmünde bellenilýär".

Halkara guramalary Merkezi Aziýa ýurtlaryny zenanlara garşy zorluklaryň köp duş gelýän ýurtlarynyň hatarynda goýýarlar.


“Zenan dünýäsi” gepleşiginiň bu gezekki sanynda Türkmenistanda we Gyrgyzystanda zenanlaryň jemgyýetde ýüzbe-ýüz bolýan zulum-sütem problemalary bilen baglanyşykly gürrüň edilýär.

Türkmenlerde “Maşgala parahat bolsa - ýurt parahat” diýen söz bar. Synçylar maşgalada duş gelýän zulum-sütem problemalaryny, köplenç, zenanlaryň öz hukuklary bilen bagly düşünjeleriniň pesdigi bilen-de baglanyşdyrýarlar.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan hem zenanlara garşy edilýän zorluklaryň köp duş gelýän ýurtlary hökmünde bellenilýär. Bu ýurtlarda aýal-gyzlaryň goragy üçin ýörite kanunlaryň ýokdugyna hem olar ünsi çekýärler.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işsizlik we neşekeşlik problemasynyň ýüze çykmagy bilen, zenanlara garşy zorluklaryň-da artyp başlandygy bellenilýär. Bu problemalar hem öz gezeginde köp maşgalalaryň dargamagyna getirýär. Zenanlar maşgala eklenjini öz boýunlaryna almakdan başga-da, adamsy neşekeş bolan ýagdaýynda , urlup-ýenjilmelere-de duçar bolýarlar.

Zenanlaryň urlup-ýenjilmek problemasy goňşy Gyrgyzystanda-da ýygy-ýygydan duş gelýän hadysalardan biri. Maglumatlara görä, Gyrgyzystanda her ikinji aýal adamsy tarapyndan urlup-ýenjilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG