Sepleriň elýeterliligi

Abadanly ýagdaý ýene soraglary döredýär


"Ýaşaýjylaryň biriniň aýtmagyna görä, hökümetiň Abadan şäherini gaýtadan dikeltmek bounça ýerine ýetiren işleri diňe binalaryň daşky durkuny täzelemek, döwlen aýnalary oturtmak ýaly ýüzleý çäreler bilen çaklenipdir".

"Ýaşaýjylaryň biriniň aýtmagyna görä, hökümetiň Abadan şäherini gaýtadan dikeltmek bounça ýerine ýetiren işleri diňe binalaryň daşky durkuny täzelemek, döwlen aýnalary oturtmak ýaly ýüzleý çäreler bilen çaklenipdir".

Şu hepde geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow täze gurulýan Abadan şäheriniň gurluşygynyň depginini güýçlendirilmegini we işleriň hil taýdan kemçiliksiz ýerine ýetirilmegini talap etdi.


2011-nji ýylyň iýul aýynda Abadan şäheriniň harby ammarlarynda bolan partlamalarda şäheriň köp binalaryna zeper ýetipdi, ençeme binalar tutuşlygyna ýanypdy. Partlamalar adam heläkçiligine getiripdi. Munuň yzýany hökümet Abadan şäherini täze ýerde täzeden gurmak kararyna geldi.

Şol bir wagtda-da, mundan birnäçe wagt ozal resmi media Abadanyň partlamalar zerarly zeper ýeten köne binalarynyň abatlanandygyny habar beripdi.

Abadanyň şu günki ýagdaýy

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Myrat Gurban ýanwar aýynyň başynda Abadan şäherine syýahat edip, şäheriň dikeldilen ýerlerinde tomusky weýrançylykdan kän bir alamatlaryň galmanlygyny, emma käbir ýerleriniň häzirem weýrançylykly ýagdaýda galýanlygyny habar berdi.

Abadan şäheriniň köçelerinden biri partlamadan alty aý soňra. 2-nji ýanwar, 2012.

Abadan şäheriniň köçelerinden biri partlamadan alty aý soňra. 2-nji ýanwar, 2012.

Myrat Gurbanyň sözlerine görä, weýrançylygy aýratynam partlamalaryň dörän harby ammarlarynyň ýerinde we olaryň töweregindäki binalarda görmek mümkin.

Abadan şäheriniň dikeldilmegi we partlamalardan ejir çeken adamlaryň hökümet tarapyndan goldanmagy bilen bagly mesele köpçüligiň üns merkezinde saklanýar. Abadan şäheriniň käbir ýaşaýjylary häkimiýetleriň käbir ejir çekenleriň maşgalalaryna pul komegini berenligini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň hökümedi adam pidalarynyň sanyny 15 diýip kesgitläpdi. Emma garaşsyz çeşmelerde heläk bolan adamlaryň we zyýan çeken ýaşaýjylaryň sanynyň birnäçe esse ýokary bolanlygy aýdylýar. Kömege mätäç bolan we şu günki güne çenli döwletiň goldawyna garaşýan adamlaryň henizem az däldigini Türkmenistanyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler.

Öz adynyň agzalmagyny islemedik abadanly ýaşaýjylaryň biriniň aýtmagyna görä, hökümetiň Abadan şäherini gaýtadan dikeltmek bounça ýerine ýetiren işleri diňe binalaryň daşky durkuny täzelemek, döwlen aýnalary oturtmak ýaly ýüzleý çäreler bilen çaklenipdir.

“Adamlar partlamalar zerarly zyýan ýeten öýleriniň içini diňe öz güýji bilen dikeldýärler we şu günki güne çenli doly dikeldip bilmän kösenýärler” diýip, abadanly ýaşaýjylaryň ýene biri gürrüň berdi.

Abatlamakmy ýa täzeden gurmak?

Abadandaky partlamalaryň yzýany eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow şäheriň doly dikeldiljegini wada beripdi.

Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary golaýlaýar. Halkyň durmuş derejesini Abadan şäheriniň köçelerinden biri. 2-nji ýanwar, 2012.

Abadan şäheriniň köçelerinden biri. 2-nji ýanwar, 2012.

ýokarlandyrmak meselesi prezidentlige dalaşgär G.Berdimuhamedowyň hem prezidentlik programmasynda möhüm orny eýeleýär.

Emma G.Berdimuhamedowyň Abadanyň gurluşygy barada eden soňky çykyşy täze gurulýan Abadan şäheri barada boldy. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulýan bu Abadanda ýokary oňaýlykly jaýlaryň, sosial-ykdysady maksatly binalaryň we infrastruktura obýketleriniň, şeýle-de welaýat häkimliginiň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtda-da, bu täze gurulýan Abadanda partlamalardan ejir çeken Abadan şäheriniň jaýsyz galan ýaşaýjylaryna jaý berlip-berilmejegi häzirlikçi sorag bolmagynda galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG