Sepleriň elýeterliligi

Britan esgerleri owgan çagalaryna jynsy zorluk etmekde aýyplanýar


Owganystanda britan esgerleriniň çagalara jynsy zorluk edendikleri barada peýda bolan maglumatlaryň esasynda derňew başlandy. Bu barada çarşenbe güni Britaniýanyň Goranmak ministrligi habar berdi.

Bu wakadan birneme öň “Sun” gazeti Owganystandaky britan seržantynyň we esgeriniň şu aýyplamalar boýunça tussag edilendigi barada habar ýaýradypdy.

Olaryň owganystanly 10 ýaşly bir oglana we gyzjagaza jynsy zorluk görkezip, muny wideo düşürendikleri aýdylýar. Owganystanda 9500 töweregi britan esgeri gullyk alyp barýar.
XS
SM
MD
LG