Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Wikipediýanyň” iňlis dilindäki saýty wagtlaýynça ýapyldy


Çarşenbe güni internet ensiklopediýasy bolan “Wikipediýa” özüniň iňlis dilindäki saýtynyň işini bir günlük togtadýandygyny mälim etdi. Bu çäre Amerikan Kongresiniň kabul etmegi göz öňünde tutýan kanunyna protest hökmünde geçirilýär. Tankytçylar bu kanunyň sensuza maksatly ulanyp bilinmeginden howatyr edýärler.

Her gün millionlarça adamyň girýän maglumat bazasy bolan “Wikipediýanyň” iňlis dilindäki saýtynyň sahypalary bir günüň dowamynda gara bolup durar. “Google” we internetiň beýleki saýtlary hem özleriniň sahyplarynda ABŞ-nyň kabul etmekçi bolýan bu kanunyna ünsi çekýärler.

ABŞ-nyň resmileriniň sözlerine görä, bu kanun Amerikada akyl emläginiň bikanun ýaýradylmagynyň öňüni almak maksadyndan ugur alýar. Bu kanuny goldaýanlaryň sözlerine görä, olaryň akyl emlägi bikanun ýaýradylanda, olar millionlarça dollar zyýan çekýärler.
XS
SM
MD
LG