Sepleriň elýeterliligi

Efiýopiýada günbatarly turistleriň birnäçesi öldürildi


Çarşenbe güni Efiopiýanyň demirgazygynda germaniýaly iki adam, wengriýaly iki adam we awstriýaly ýene bir adam ýaragly söweşijiler tarapyndan öldürildi. Bu barada ýurduň resmileri habar berdiler.

Maglumata görä, bu wakadan daşary ýene iki nemes we iki efiop raýaty alnyp gaçylypdyr.

Hökümetiň metbugat wekili Bereket Simonyň sözlerine görä, Efiopiýanyň Afar regionynda ýüze çykan bu wakada bir italiýaly we bir wengriýaly ýaralanypdyr.

Efiopiýa resmileri muny goňşy Eritreýanyň amala aşyrandygyny öňe sürýär. Eritreýa bu aýyplamany inkär etdi.

Eritreýa 1993-nji ýylda Efiopiýadan garaşsyzlygyny alypdy. Ýöne, serhet araçägi bilen bagly dawalar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG