Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň prezidenti günbatarly gözegçilere haýbat atdy


Çarşenbe güni Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurtda geçiriljek geljekki saýlawlara Günbatar gözegçilerini çagyrmajakdygy bilen haýbat atdy.

Mundan öň, Günbatar gözegçileri Gazagystanda ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlaryny tankytlapdylar.

ÝHHG-niň ýolbaşçylygyndaky halkara gözegçileri saýlawlar “demokratik saýlawlaryň fundamental talaplaryna laýyk geçirilmedi” diýip, netije çykardylar.

Saýlawlarda Nazarbaýewiň “Nur otan” partiýasy sesleriň 81 % töweregini alyp, ýeňiş gazanypdy. Nazarbaýew “biz mundan beýläk hakyna tutma ekspertleri çagyrmarys” diýip çykyş etdi.

GDA-nyň synçylary saýlawlar talaba laýyk geçirildi diýip, netije çykardylar.
XS
SM
MD
LG