Sepleriň elýeterliligi

Eýran-Azerbaýjan: Internet urşunyň alamatlary


"Özüni 'Azerbaýjanyň hakyky internet goşuny' diýip atlandyrýan bir hakerler topary 17-nji ýanwarda Eýranyň ençeme internet saýtyna garşy elektron hüjümini gurnap, olaryň işini togtatdy".

"Özüni 'Azerbaýjanyň hakyky internet goşuny' diýip atlandyrýan bir hakerler topary 17-nji ýanwarda Eýranyň ençeme internet saýtyna garşy elektron hüjümini gurnap, olaryň işini togtatdy".

Eýran bilen Azerbaýjanyň arasynda ençeme hepde bäri dowam edip gelýän dartgynlylyk internet çaknyşygyna ýazana meňzeýär. Soňky günler bu iki ýurtda-da ençeme websaýta zyýan ýetirdi.


17-nji ýanwarda Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri duşuşmalydylar welin, bu duşuşyk ýatyryldy. Resmi beýanatda aýdylyşyna görä, muňa sebäp bolan Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň kiprli türkleriň ýolbaşçysy Rauf Denktaşyň jynaza namazyna gatnaşmaly bolandygy.

Özüni “Azerbaýjanyň hakyky internet goşuny” diýip atlandyrýan bir hakerler topary 17-nji ýanwarda Eýranyň ençeme internet saýtyna garşy elektron hüjümini gurnap, olaryň işini togtatdy.

Ar alyş çäresimi?

Bu wakanyň edil öňýany, 16-njy ýanwarda Azerbaýjanyň resmi saýtlarynyň ençemesi, şol sanda prezident Ylham Alyýewiň resmi saýty, şeýle hem häkimiýet başyndaky “Täze Azerbaýjan” patiýasynyň, konstitusion suduň, Içeri işler ministrligniň, Aragatnaşyk ministrliginiň saýtlary birdenkä petiklendi. 17-nji ýanwardaky hüjüm şol hüjüme berlen jogaba meňzeýär.

Şol güni Ysraýylda hem elektron hüjümleri zerarly ençeme websaýtyň işiniň togtandygy habar berildi.

Azerbaýjanyň aragatnaşyk ministri Muşfik Amirow Azerbaýjanyň saýtlaryna edilen hüjümleriň derňelýändigini aýtsa-da, munuň nirelere baryp dirändigi barada maglumat bermekden saklandy.

Azerbaýjanyň saýtlarynyň işi ara salym salman ýola goýlup, ekspertler bu hujümler bilen bagly gohy ulaltmazlyga synanyşdylar.

“Bu bir giň gerimli inernet hüjümi däl. Olar bir daşky programmanyň üsti bilen bu saýtlaryň serwerlerine girip, indeksleri üýtgedipdirler. Düýp maglumatlara ýeten zyýan ýok. Ýöne käbir faýllar üýtgedilipdir. Bu saýtlaryň programmirlenişiniň gowşakdygyny görkezýär. Bir gapyny daş bilen döwüp, içeri girip bolýan bolsa, onda bu saýtlaryň mundan ulurak hüjümlere hem uçramagynyň mümkindigini aňladýar. Saýtlary işini öňki ýagdaýyna getirmek diňe bir-iki sagat wagty aldy” diýip, azerbaýjanly internet howpsuzlygy boýunça ekspert Raşad Alyýew ýagdaýa baha berdi.

Gatnaşyklar gowulyga tarap däl

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar has-da soňky aýlarda dartgynlaşyp ugrady. Tähran Bakuwyň Ysraýyl bilen bolan ýakyn gatnaşyklaryny tankytlaýar. Ysraýylyň ulanýan nebitiniň bäşden biri Azerbaýjandan satyn alynýar.

Galyberse-de, Azerbaýjan häzir Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşiniň synçy agzasy. Ol ýerde bolsa birsyhly diýen ýaly Eýranyň ýadro programmasy barada çekişmeler geçýär.

Geçen ýylyň oýabr aýynda tanymal azerbaýjanly ýazyjy Rafik Tagi ödürildi. Bu hüjün Eýranyň garşysyna onuň ýazan tankydy makalalary üçin edilen iş diýlip häsiýetlendirildi. Tähran bu işde öz eliniň ýokdygyny aýtsa-da, 2007-nji ýylda eýranly ruhany Aýatollah Fazel Lankarany ýazyjy Rafik Taginiň garşysyna dini fatwa yglan edipdi.

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Araz Azymow dekabr aýynda Waşingtonda eden çykyşynda Eýrany Ermenistan bilen juda ýakyn hyzmatdaşlyk edýänlikde aýyplady. Ol: “Eýranyň Ermenistan bilen baglaşan şertnamalary onuň Azerbaýjan bilen baglaşan şertnamalaryndan has köp” diýdi.

Azymowyň aýtmagyna görä, Eýranyň berýan goldawy dawaly Daglyk Garabagy regionyny berk kontrollygy astynda saklamagy üçin Ermenistana kömek bolýar.

Soňky internet hüjümlerini belli birine degişli etmek aňsat däl. “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň sözçüsi bu partiýanyň saýtyna edilen hüjümiň Eýrandan gözbaş alandygyny aýdýar. Ýöne bular ýaly hüjümler ozal azerbaýjanly we ermeni hakerleriniň arasynda-da bolupdy.
XS
SM
MD
LG