Sepleriň elýeterliligi

Saýlawlar 2012: Orsýetdäki türkmenler nähili ses bererler?


Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy.

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy.

Resmi Türkmenistanyň maglumatyna görä, 12-nji fewralda geçjek prezident saýlawlarynda daşary ýurtlarda 29 sany saýlaw nokady işlär, olar hususan-da, Türkmenistanyň ABŞ-da, Türkiýede, Eýranda, Owganystanda, Pakistanda, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesinde, GDA döwletlerinde we käbir arap ýurtlarynda ýerleşýän ilçihanalarda açylar.

Orsýetdäki türkmenler saýlawlara nähili taýýarlyk görýärler? Azatlyk Radiosy Türkmenleriň Orsýetäki bileleşiklerini we jemgyýetçilik guramalaryny öz içine alýan “Rus-Türkmen öýüniň” ýolbaşçylar geňeşiniň baştutany Wasiliý Kriworotenko bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Wasiliý Georgiýewiç, siz türkmenleriň Orsýetdäki guramalary bilen işleşýärsiňiz. Moskwada we, umuman, Orsýetde näçe türkmen ýaşaýar we olaryň näçesi Türkmenistanyň raýatlary?

Wasiliý Kriworotenko: Biziň maglumatlarymyza görä, Orsýetde türkmen diasporasynyň sany 50-60 müň adamdan ybarat. Olaryň üçden bir bölegi Moskwada ýaşaýar. Olaryňam ýarpysynda türkmen pasportlary bar.

Azatlyk Radiosy: 12-nji fewralda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçiriler. Resmi maglumatlara görä, Orsýetdäki türkmenleriň ses bermegi üçin Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda saýlaw nokady açylar. Türkmenler ses berişlige näderejede aktiw gatnaşarlar diýip pikir edýärsiňiz?

Wasiliý Kriworotenko: Orsýetde diňe bir saýlaw bölüminiň, onuň hem diňe Moskwada açylmagy ýeterlik däl. Sebäbi türkmen raýatlarynyň üçden iki bölegi Orsýetiň beýleki ýerlerinde ýaşaýarlar.

Orsýetiň dürli künjeklerinde ýerleşýän Çita, Nowosibirsk ýa-da Krasnoýarsk ýaly şäherlerinde ýaşaýan adamlaryň ses bermek üçin Moskwa gelip biljegini göz öňüne getirmek kyn. Meniň pikirimçe, şeýlelikde Türkmenistanyň raýatlary öz ýurdunyň prezidentini saýlamak hukugyndan mahrum bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylar geçen prezidentlik saýlawlarynda Moskwada geçirilen ses berişlige gatnaşan ses berijileriň uly boleginiň studentler bolanlygyny aýdýarlar. Bu barada sizde nähili maglumat bar?

Wasiliý Kriworotenko: Bu hakykatdanam şeýle. Häzir diňe Moskwanyň özünde türkmen studentleriniň sany döwlet kwotasy boýunça 1 müň 300-e golaý. Ýene 10 müň çemesi adam öz hasabyna okaýar.

Olaryň ählisi konsulhananyň hasabynda durýarlar. Studentler Türkmenistanyň ilçihanasynyň gözegçiliginde bolansoňlar, ses bermäge mejbur bolýarlar, sebabi olar ýurdunda kynçylyklara duçar bolmakdan howatyrlanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen diasporasy Türkmenistanyň hökümeti bilen nähili gatnaşyk alyp barýar?

Wasiliý Kriworotenko: Soňky 10 ýylyň dowamynda “Rus-Turkmen öýüniň” we türkmen diasporasy bilen işleşýän beýleki guramalaryň geçirýän çäreleriniň hiç birisine Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçisi gatnaşmandy.

Hususan-da, biziň proýektlerimiziň biri Ikinji Jahan ursunda gazanylan ýeňşe bagyşlanýar. Biz her ýylda urşa gatnaşan döwletleriň her birinde dabaraly ýatlama çärelerini geçirýäris. Soňky ýyllarda biz şeýle çäreleri Ermenistanda, Belarusda we Gazagystanda geçirdik.

2012-nji ýylda biz baýramçylyk çärelerini Türkmenistanda geçirmegi planlaşdyrypdyk. Türkmenistanyň hökümetine bir ýyl mundan ozal ýollan hatymyza ýakyn günlerde resmi jogap geldi. Ilçi öz goluny goýup, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen bize gowşuran resmi hatynda Türkmenistanyň adyndan “bizde mümkinçilik ýok” diýip jogap beripdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG