Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň premýer-minsitri Ýokary suduň soraglaryna jogap berdi


Şu gün Pakistanyň premýer-minsitri Ýusuf Reza Gilani Yslamabatda Ýokary sudda soraglara jogap berdi.

Bu sud prosesiniň onuň wezipesinden çetleşdirilmegine getirmegi mümkin diýlip hasaplanylýar.

Pakistanyň Ýokary sudy Gilaniniň prezident Ali Zardarä korrupsiýa bilen bagly 90-njy ýyllarda ýöňkelen aýyplamalar boýunça işe päsgel bermekde özüne bildirilýän aýyplamalar bilen bagly düşündiriş bermegini sorady.

Şu gün Gilaniniň žurnalistlere atmagyna görä, ol prezident Ali Zardariniň suda çekilmejekdigine ynanýar.
XS
SM
MD
LG