Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tamyň wekili oňyn çözgüt üçin Eýranda şansyň bardygyny aýdýar


Ak Tamyň wekili Jeý Karniniň aýtmagyna görä, Eýranyň ýadro programmasy boýunça Amerika we onuň ýaranlary bilen öňşuksyzlygyny bes etmegine ähli mümkinçiligi bar.

Karni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Eýranyň häkimiýetlerine gepleşiklere taýýardygy barada hat ýollandygy bilen bagly Tähranyň ýaýradan maglumatlaryny tassyklamady.

Emma, ol şeýle hatyň Waşingtonda taýýarlanandygyny inkär etmedi.

Jeý Karniniň pikiriçe, halkara dartgynlylygy peseltmek üçin Eýran Amerika we onuň ýaranlary bilen özüniň ýadro programmasy barada gepleşiklere täzeden başlamaly.
XS
SM
MD
LG