Sepleriň elýeterliligi

Putin oppozisiýa bilen gepleşiklere taýýardygyny aýdýar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin oppozisiýa bilen gepleşiklere taýýardygyny aýdýar.

Emma, Putin oppozisiýa liderleriniň hakykatdanam gepleşikler isleýändiklerine şübhe bildirýär. Putin bu barada 18-nji ýanwarda Moskwanyň golaýyndaky rezidensiýasynda orsýetli media wekilleri bilen duşuşygynda aýtdy.

Ol ýakynda oppozisiýa liderlerini gepleşiklere çagyrandygyny, emma olaryň gelmändiklerini nygtady.

Şonuň ýaly-da, Putin garaşsyz “Eho Moskwy” radiosyny özüne şyltak atanlykda we daşary ýurtlaryň bähbitlerine gulluk etmekde aýyplady.
XS
SM
MD
LG